PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň 5-nji işewürlik maslahaty geçirildi

13.11.2023
Card image cap

  2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy Sammitiniň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň 5-nji işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdy.

 Daşkent şäherindäki «Intercontinental»  myhmanhanasynda gurnalan işewürlik maslahatyna Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň welaýatlarynyň we birnäçe assosiasiýalarynyň wekilleri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary we başlyklarynyň orunbasarlary öz ýurtlarynyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda we maýa goýumlar barada çykyş etdiler. 

Maslahatyň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýan 9 sany ýurduň telekeçileri duşuşdylar. Päkistan Yslam Respublikasyndan telekeçi Türkmenistanda Päkistan Söwda öýüni açmaga gyzyklanma bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Söwda öýi» kärhanasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşyldy. Duşuşuklarda Özbegistan, Tajigistan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Päkistan döwletleriniň telekeçileri Türkmenistanyň çäklerindäki ulag we logistika ugry, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar we telekeçiler tarapyndan öndürilýän dokma önümlerine, ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän we dünýäniň ençeme ýurtlaryna eksport edilýän, ýokary hilli, dürli görnüşli önümlere, ýurdumyzda öndürilýän nebit we himiýa önümlerine gyzyklanma bildirdiler.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň