2023-nji
ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler
zalynda «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň
çäklerinde «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisi geçirildi.
Bu foruma «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» sekretariýatynyň ýerine
ýetiriji direktory Ri Jon Kuk, Koreýanyň Halkara Söwda assosiasiýasynyň başlygy
Ku Ça Ýol we Koreý kompaniýalarynyň wekilleri, türkmen tarapyndan
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow hem-de
ministrlikleriň we pudak edaralaryň, hususy telekeçileriň wekilleri, şeýle hem Özbegistan
Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Jamşit Urakow,
Gazagystan Respublikasynyň «Atameken» milli telekeçiler palatasynyň başlygynyň
orunbasary Amrin Murat dagy gatnaşdylar.
Täjigistan
Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Nasimžan
Anwarow, Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Elmira
Bataýewa bolsa bu maslahata onlaýn görnüşinde gatnaşdy.
«Merkezi
Aziýa ─ Koreýa Respublikasynyň» işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisinde taraplar
sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň
geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.