03.06.2026
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň maslahatlar zalynda tegelek
stol görnüşindäki Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
döredilip, 18 ýyl bäri hereket edýän Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň bu gezekki maslahatynyň umumy bölümi iki
döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki sepgidine we geljekki ösüş
ugurlaryna bagyşlandy.
Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýew giriş sözi
bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň
strategik ähmiýetini we täze şertlerde söwda gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek
üçin bar bolan uly mümkinçilikleri belläp geçdi.
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň direktory
Erik Stýuart öz çykyşynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazaryna bolan
gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyny nygtady.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny
goldamaga taýýardyklaryny mälim etdi.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda «Türkmenistanyň
we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum
mümkinçilikleri: energetika, senagat, aragatnaşyk, oba hojalyk ulgamlarynda
hyzmatdaşlyk» atly ýörite sessiýa guraldy. Sessiýada çykyş eden wekiller
taraplaryň anyk pudaklar boýunça tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalary
amala aşyrmaga taýýardyklaryny görkezdiler.
Sessiýanyň ahyrynda myhmanlar ýörite
gurnalan sergä tomaşa etdiler. Soňra iki ýurduň döwlet hem-de hususy
pudaklarynyň wekilleriniň arasynda göni B2B duşuşyklary geçirildi.
Geçirilen gepleşikler we gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň
arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň täze, has ýokary sepgide çykjakdygynyň we
geljekki taslamalaryň durnukly ösüşine uly itergi berjekdiginiň subutnamasy
boldy. Maslahat öz işini üstünlikli tamamlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.