20.06.2026
2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Malaýziýanyň nebit-gaz, energetika we
infrastruktura pudagynda öňdebaryjy inženerçilik hem-de maslahat beriş
kompaniýasy bolan "Tuah Consult Sdn. Bhd." guramasynyň ýolbaşçysy
jenap Ir. Azan bin Zaýnuddin bilen resmi duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe
bolmagynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli
Lideriniň yzygiderli tagallalarynyň özara bähbitli gatnaşyklary täze
belentliklere alyp barýandygyny aýratyn nygtady.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
ýokary derejede işjeňleşmeginde Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň
saldamly goşant goşýandygy bellenilip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmakda durnukly
işleri durmuşa geçirýändigi mälim edildi. TSSE tarapyndan guralýan bilelikdäki
biznes-forumlar, pudaklaýyn sergiler we B2B
duşuşyklar özara hyzmatdaşlygy artdyrmaga ýardam edýär.
Gatnaşyjylar Malaýziýanyň ösen innowasion,
tehnologik, taslama dizaýny we desgalary dolandyrmak ýaly maslahat beriş
tejribesiniň Türkmenistanyň hususy hem-de döwlet sektorlarynyň, aýratyn-da
energetika pudagynyň ünsüni çekýändigini tassykladylar. Türkmen tarapy
"Tuah Consult Sdn. Bhd." ýaly baý halkara tejribesi bolan
kompaniýanyň Türkmenistanyň söwda-ykdysady hem-de nebit-gaz bazaryna işjeň
goşulmagyny we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegini tüýs ýürekden
goldamaga taýýardygyny bildirdi.
Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky ykdysady
gatnaşyklaryň has-da berkemegine, nebit-gaz we gurluşyk senagaty pudagynda
döwrebap innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna täze itergi berer.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullygy.