Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler

26.02.2026
32

        Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän 2026-njy ýylyň 2 – 4-nji aprelinde ak şäherimiz Aşgabat halkara işewürlik giňişliginiň möhüm merkezleriniň birine öwrüler. Hut şu günlerde paýtagtymyzda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly iri halkara serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Giň gerimli bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Halkara çäreleri gurnamakda baý tejribesi bolan Türkiýe Respublikasynyň “Net Organization” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Serginiň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de maýa goýum işjeňligini höweslendirmekden ybaratdyr.

       “Hyzmatdaşlyk we ösüş” sergisi sanlylaşdyrma, “ýaşyl” tehnologiýalar, senagat we logistika ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütler görkeziler. Şeýle hem ýerli önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, täze bazarlara çykmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

      Işewürlik duşuşyklary, taslamalaryň tanyşdyrylyşy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga ýardam eder. Şeýlelikde, “Hyzmatdaşlyk we ösüş” halkara sergisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä giňişliginde has-da berkitmäge hyzmat eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň