Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ak şäher Aşgabat işewürligiň paýtagty: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy belarussiýaly kärdeşleri we işewürlik wekilleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär

25.05.2026
31

    2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda  Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölüminiň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara serginiň  we maslahatyň işine işjeň  gatnaşdylar.  Myhmanlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşyp, çäräniň  guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler.

    Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde  ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň belorussiýaly kärdeşleri bilen türkmen işewür   toparlarynyň arasynda B2B görnüşinde  göni gepleşikler geçirildi.  Dostlukly ýurduň işewür wekiliýeti ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan täze kompaniýalarynyň ençemesiniň sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.  

    Gepleşiklerde türkmen tarapy bilen geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Esasan hem söwda we ykdysady, senagat we gurluşyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşyldy.  Şeýle-de taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

       Belarussiýanyň işewür wekiliýeti türkmen tarapyna  görkezilen myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                    Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň