2023-nji
ýylyň 28- 30-njy noýabry aralygynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň
«Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» atly halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergisini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde
guraýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde
milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt
uly sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy
tejribeleri we işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik
dörediler.
Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň,
Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki onlarça daşary ýurtlaryň degişli
pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda
iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň
enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit
goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we
degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we
maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we
dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny we önümlerini
hödürlärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.