19.06.2026
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda “Türkmenistan–Malaýziýa: nebitgaz pudagynda
özarabähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahytynyň
çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi badalga aldy. Sergini
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
bilelikde gurnaýar.
Çäräniň baş maksady, uly üstünliklere
beslenen 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da Malaýziýanyň döwlet nebit-gaz
kompaniýasy "Petronas" bilen bilelikde durmuşa geçirilen iri
taslamalaryň netijelerini seljermekden ybaratdyr. Sergi meýdançasynda
kompaniýanyň Hazar deňziniň türkmen böleginde alyp baran gözleg, buraw we
önümçilik işleriniň ägirt uly netijeleri, gazanylan üstünlikler sanly
maglumatlar arkaly görkezilýär.
Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary
çäräniň dowamynda nebit we gaz çykarmak, ony gaýtadan işlemek pudagyna degişli
iň döwrebap tehnologik çözgütlerini tanyşdyrýarlar. Esasy üns önümçilige sanly
ulgamy ornaşdyrmak, gazylyp alynýan serişdeleri ekologik taýdan arassa usullar
bilen gaýtadan işlemek ýaly energetikanyň gelejegine degişli temalara
gönükdirilýär.
Gatnaşyjylar diňe önümçilik we eksport
bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň ynsanperwer we ylmy ugurlaryna hem ünsi
çekýärler. Ýangyç-energetika pudagy üçin ýokary derejeli milli hünärmenleri
bilelikde taýýarlamak hem-de iki ýurduň alymlarynyň gatnaşmagynda ylmy
barlaglary utgaşykly alyp barmak boýunça geljekki strategik ädimler ara alnyp
maslahatlaşylýar.
Türkmenistan bu halkara platformanyň üsti
bilen özüniň ägirt uly ýangyç-energetika
mümkinçiliklerini we maýa goýum şertlerini bütin dünýä görkezýär. Çärede
diňe bir bar bolan işleri dowam etdirmek däl, eýsem malaýziýaly we
beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen täze bilelikdäki taslamalara badalga bermek
göz öňünde tutulýar.
Bu iri çäre Türkmenistanyň energetika
diplomatiýasynyň halkara derejesindäki abraýyny has-da berkitmäge we sebitde
durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge goşant goşar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
Metbugat gullugy.