Forum - daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe
guramalaryny we türkmen bazaryna girmek isleýän kompaniýalary duşuşdyrýan
platformadyr. Bu forum, Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini
hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere
garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum
taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek maksada meýilleşdirilendir.
Şeýle hem, forumyň esasy maksady, ýurduň eksport mümkinçiligini artdyrmaga,
ýurdymyzyň we daşary ýurtly telekeçileriň hem-de maýadarlaryň arasyndaky
hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir, sanly ulgamynyň ösüşine we sanly
ykdysadyýete geçmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän giňişlikdir.
Sergi – milli ykdysadyýetiň - senagat, oba hojalygy,
energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly dürli pudaklarynda döwrebap
ösüşleri görkezjek interaktiw platformasy bolar. Sergä gatnaşyjylar ýurdymyzyň
öňdebaryjy kärhanalary, ösen tehnologiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde
ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanyşyp bilerler.
Çäreleriniň geçirilýän ýeri:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat
şäheri, Çandybil şaýoly 143.
Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry; Sagat:
09:00 – 18:00.
Guramaçylyk topary: +(99312) 398881, 398882, 398884, 398886
Jogapkär wekili: Berdymyrat Pirliýew
Habarlaşmak üçin : +993 12 39-88-82: Mob: +993 65 80-00-93
Email: sergi7@cci.gov.tm
Guramaçylar:
Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi
Hyzmatdaş:
Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti / Net Gurama
Email: net@netorganization.net
Habarlaşmak üçin : +90 212 272 61 20