06.12.2025
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze
kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si
kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we
ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion
kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek
hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”,
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý
medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti
hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”,
“Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk
Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we
hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji
ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk
gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany
tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde,
jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet
gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk,
migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa
ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň
20-si kabul edildi.
Daşary
ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň
10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň,
ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen
duşuşyklaryň 56-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň
106-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen,
deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 44-si guraldy. Şunuň bilen
birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy,
Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň
parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 7
göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi öndürilen
önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik
görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwrüne görä,
bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,1
göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň
girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6
göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli
döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly
desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň
işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk
gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary
bermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek
boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin
öndürmegiň meýilnamasy 109,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy
101,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,6
göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 101
göterime barabar boldy. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny
öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň
Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri
görmegiň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli
artdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda
2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji
Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,7 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 100,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 136,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 127 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 111,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça
100,4 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy
274,5 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Mary
welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, mineral dökünler bilen
gurplandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň,
onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, möwsümleýin
oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen
möhletlerde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk görmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy,
ýurdumyzda dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek babatda alnyp barylýan
işleri hem dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we
hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça 109,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 110,7 göterim
ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 100,5
göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 102,8 göterim
berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň
möçberi 119 million manada deň boldy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan
işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, senagat pudagynda gurluşyk
önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri alyp
barmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi,
gurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna öňdebaryjy usullary hem-de täze
tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegi, binalary we desgalary ýokary
hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek üçin degişli işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,3 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 106 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 113 göterim,
nah matalaryňkyda 117,9 göterim, gön önümleriniňkide 117,1 göterim ösüş depgini
gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy
100 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 275 birža söwdasy geçirilip, olarda 27 müň 29 şertnama hasaba
alyndy.
Şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 105,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 20 sergi, 9
maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk
we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,5 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda, dokma, telekeçilik pudaklarynyň işini
ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we
beýleki zerur harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk günlerinde dürli
harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagy üçin bu işi hemişe gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar
geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.
Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni
çäreler guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, edebiýat, medeniýet we
sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň
arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny
almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi.
Hasabat
döwründe medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli
işler dowam etdirildi. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen dürli
medeni çärelere we okuwlara gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular. Daşary
ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde
Aşgabatda birnäçe medeni çäreler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
hasabyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen
“Kompozitor” atly film Moskwada ilkinji gezek geçirilen açyk Ýewraziýa
kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu filmiň Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynda şeýle abraýly baýraga eýe bolmagy ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Şeýle hem
kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de
giňden wagyz etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri,
halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl
baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw
meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp
ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç
medallara mynasyp boldular. Degişli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara ylmy-amaly,
okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň birnäçesi guramaçylykly
geçirildi. Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen
işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura, alymlyk derejesine
dalaşgärler hasaba alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.
Hasabat
döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, amaly
lukmançylyga öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler
amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly
Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýi, Mary welaýatynda
welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi, paýtagtymyzda köpugurly
hassahananyň, Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz
şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy.
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi.
Şeýle
hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Sportuň
milli we guşakly alyş göreşi, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly
türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli
ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 876 medala
mynasyp boldular.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bilim bermegiň hilini
yzygiderli ýokarlandyrmagyň, ähli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri
taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. “Saglygy goraýyş
ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat
türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr”
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara
guramalaryň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Hasabat
döwründe bu ugurda degişli toplumlaýyn işler geçirildi.
Ýylyň
başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna,
Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa
Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Özbegistan Respublikasyna,
Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz
Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna we
Owganystana saparlary boldy.
Şu
ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak
maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we
Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa
Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar.
22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin
Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.
Hormatly
Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý
sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin şu ýylyň 21 — 24-nji sentýabrynda ABŞ-nyň
Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary,
Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa
Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň
Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe
ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana
saparlary boldy. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
sekretary, beýleki halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana
sapar bilen geldiler.
Şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana
amala aşyran 770 sapary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala
aşyran 1 müň 226 sapary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň
yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 548-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň,
halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2
müň 649-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň
şertnama-hukuk binýadynyň üsti 227 resminama bilen ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn
geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler
we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň
wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen
duşuşyklar guraldy.
Türkmenistanyň
daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda
yzygiderli işler amala aşyryldy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň
täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny
gowşurdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky,
Nepaldaky, Kipr Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky,
Monako Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa
Respublikasyndaky, Efiopiýadaky, Indoneziýa Respublikasyndaky, Marokko
Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny
gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky we Türkiýe
Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, abraýly
halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine
hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça
gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu
ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir
ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen
hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça
hyzmatlaryň ösüş depgini 115,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy
boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gullugy boýunça bu görkeziji 103,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça
bolsa 119,3 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ulag-logistika ulgamyny
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri
döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga
aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on
bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini
belledi. “Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam
etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap
kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde
maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime
deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Nebitgaz,
söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler
durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet
ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç
alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki
desgalaryň gurluşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyna, şoňa görä-de,
şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak
üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň
baýramçylygy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin, 2025-nji ýylyň
11-12-13-nji dekabry günlerini iş güni däl diýip yglan etdi we degişli Permana
gol çekdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov