Sergi - dokma senagatynyň enjamlary, tebigy süýümleri
gaýtadan işlenilmek, egin-eşik we aýakgap, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary
we bölek enjamlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly
ugurlary, şeýle hem iň täze tehnologiýalary öz içine alar hem-de “know-how”
hödürlär.
Halkara sergisi Türkmenistanyň dokma senagatynyň
mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça işewür meýdança öwrüler. Sergä gatnaşyjylar innowasion
ugurlar bilen tanyşyp, işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de gelejekdäki
mümkinçilikleri barada maslahatlaşyp bilerler.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat
şäheri, Çandybil şaýoly, 143.
Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny; Sagat: 09:00 – 18:00.
Guramaçylyk topary: + (99312) 398881, 398882, 398884, 398886
Jogapkär wekili: Göwher Rejepowa
Habarlaşmak üçin : +993 12 39-88-38: Mob: +993 65 50-49-33
Email: sergi5@cci.gov.tm
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi:
Habarlaşmak üçin: +993 12 407121, 407167
Email: Marketing@textile.gov.tm
Habarlaşmak üçin: +99363719588
Email: contact@turkmenexpo.com