Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hususan-da, täze kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 12-nji aprelinde
geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibi barada aýdyldy. Deputatlar
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny,
“1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji
ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň
300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil
ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek
hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler
girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp
maslahatlaşarlar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça
ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňleniler.
Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada-da habar
berildi. Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň,
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen
bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekili
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça sebitleýin
forumyna gatnaşmak üçin Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Mundan başga-da,
deputatlar döwlet syýasatyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri
wagyz-nesihat etmek, kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek
boýunça degişli işleri alyp barýarlar.
Soňra
milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň wekiliýetiniň Parlamentara Birleşigiň
150-nji ýubileý assambleýasyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 5 — 7-nji aprelinde
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň
netijeleri barada maglumat berdi. Saparyň çäklerinde Parlamentara Birleşigiň,
şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan
Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda
ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, kanun çykaryjylyk
işinde tejribe alyşmakda şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Saparyň
dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Birleşigiň “Durmuş
ösüşiniň we adalatlylygyň bähbidine parlament hereketi” ady bilen geçirilen
150-nji ýubileý assambleýasynda çykyş etdi. Çykyşda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek üçin dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm orny
bellenildi. Şeýle hem assambleýanyň çäklerinde dürli ugurlarda geçirilen
çärelerde türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyş etdiler. Mejlisiň ýolbaşçysy
Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga beren ählitaraplaýyn
goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, kanunçylyk
namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary
ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumy şu ýylyň 23-24-nji
aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa
gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda
hasaba almak işi dowam edýär. Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň
agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen
duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň
möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere Malaýziýada guraljak
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça
halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan
kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli
işletmek, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara
bejergi işlerini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja
önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik
möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri, pile
öndürmek möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen
bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça
taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda dowam
etdirmegi, häzirki wagtdan başlap galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegi,
welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegi we tamamlamagy,
Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem ýokary derejede taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda,
hususan-da, senagat pudagynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, milli senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda alnyp
barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün
etmek, önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, hereket edýän kärhanalary
döwrebaplaşdyrmak, olaryň taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak boýunça
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan zerur işler geçirilýär.
Munuň özi içerki bazary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge
hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudagynyň işini döwrebap alyp
barmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek,
önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek, hereket edýän kärhanalaryň taslama kuwwatynda işledilmegini, olarda
meýilnamalaýyn abatlaýyş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň maýynda Eýran Yslam
Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini
guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iki
dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de
Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp
edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak üçin geçiriljek sergä milli
ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny, Eýran
Yslam Respublikasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň biri bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gürgen
şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek boýunça
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34
ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin
guramaçylyk toparyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün ösüşiň milli ýörelgesine
üstünlikli eýerýän ýurt hökmünde dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady
taýdan kuwwatly, parahatçylygy goldaýan döwletleriň birine öwrüldi. Milli
ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynyň, şol
sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini hem döwrüň talabyna laýyk
derejede guramaga, medeni mirasymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge, halkara
media giňişligine çykmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34
ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli
geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli
dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny
döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 22 — 25-nji apreli aralygynda
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi
boýunça halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň
degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden
ybarat bolan iş topary döredilip, ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna
laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Sport arkaly
parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa daşary
ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek,
ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli
işleriň amala aşyrylýandygyny, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki
Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we
guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik
gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň
dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady
döredildi. Şeýle hem yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar ýola
goýuldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň BMG-niň we
beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçlaryny
yzygiderli goldaýandygy bellenildi.
Soňky
15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem
ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek
bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy
okgunly ösdürilýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak
maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon
we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär. Ylym-bilim ulgamyndaky
hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara
hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary okuw
mekdeplerinde türkmen ýaşlary ýapon dilini öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň
Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini,
ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp,
wise-premýer, daşary işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş
saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara guramalar bilen bilelikde ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Halkara
raýat awiasiýasy guramasynyň bütin dünýä boýunça awiasiýa işgärlerini okatmagyň
hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw merkezleriniň arasynda
hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga gönükdirilen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde
zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň howa ulaglary üçin zerur bolan
hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara
derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan
gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini
taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklibi makullap,
agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov