02.11.2025
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155
müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz —
Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni
tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr
bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden
geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň
ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň
gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi
ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa
geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol
çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat, ulag
infrastrukturasyny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň
üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki
wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak
maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny
döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän
täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň
bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara
ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň
netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil
ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler durmuşa geçirilýär, şäherleriň, ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
...Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.
Bu
ýerde Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçy
kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky
hoş habary ýetirdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň
rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyran waka boldy. Döwlet Baştutanymyz hoş
habary kanagatlanma bilen kabul edip, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny gazanan
zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde
kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň
gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka
mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi
mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary
dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga
bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurluşyk we senagat
toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm
ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň
düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşylýandygyny, şeýle hem Balkan welaýatynyň
Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň
üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilýändigini
belledi hem-de bu ýere ýygnananlary täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak
dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň senagatyny innowasion esasda
ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokary
tehnologiýaly, eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Netijede, dürli
görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Hormatly
Prezidentimiz ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly
halkara serginiň we maslahatyň dowamynda hem ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten
sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňden beýan ediljekdigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze
karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup
durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid»,
«Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem
ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň
gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat»
kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde
Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary
ornaşdyrylar.
Bu
ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak
öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman,
kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million
155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler
daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny
dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.
Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan
beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt
depginler bilen ösmegine uly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we
ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, mähriban halkymyzyň
asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini belledi.
Parasatly
pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly
ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag
düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz
Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň
aýdyň mysalydyr. Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän
täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen
gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine
ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil
ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa
21 metrdir. Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň
serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi we umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda
ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine
öwrüler. Täze köpri we awtomobil ýoly ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk
sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy
gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
üsti bilen amala aşyrylýan ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy
gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň hem
dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýändigini aýdyp, deňiz suwuny arassalaýjy bu
desganyň Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny
nygtady.
Umuman,
ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş
maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki
wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik
stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň
Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy
dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman
köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda
barýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we geljekde-de Garaşsyz
Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam
etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň
güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň,
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň
tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi
bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra alypbaryjy hormatly Prezidentimizden
sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy
desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Şol pursatda
agyz suwuny arassalaýjy desganyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat
ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.
Soňra Esenguly etrabyndaky
agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş edip,
ulanyşa girizilýän täze desganyň diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň
binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy
bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup
durýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, pudagyň
ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza
döredip berýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra hünärmen döwlet
Baştutanymyzdan bu möhüm desgany işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň el
çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze agyz
suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Soňra bu desga barada
ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynda döwrebap suw desgalary gurlup ulanmaga berilýär. 8 gektar
meýdanda ýerleşýän, Ýewropanyň ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylan, deňiz
suwundan bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr arassa agyz suwuny
öndürmäge ukyply bolan bu täze suw desgasy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Soňra dabara sanly ulgam
arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy
bilen dowam etdi.
Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy,
Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip,
ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha
rowaçlanýandygyny belledi hem-de Balkan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan
döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi. Soňra A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan awtomobil köprüsini
işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden
geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi.
Hormatly ýaşulular we mährem eneler
täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny
kesdiler. Şol pursat täze köpriniň üstünde ýörite taýýarlanan ýerde medeniýet
we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi. Soňra köpriniň mümkinçilikleri
baradaky wideofilme tomaşa edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän
awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlan, Türkmenbaşy —
Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre
deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil
köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre
deňdir.
Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň
içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag
geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini
Gazagystan bilen birleşdirer. Şonuň ýaly-da, ol Eýrany, Türkmenistany we
Gazagystany özara birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol
ulgamynyň bir bölegidir. Täze awtomobil köprüsi ýurdumyzyň günbatar we
demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny,
ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem bu ugur
Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir
ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa
ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.
Kämilleşdirilen ýol-ulag
gatnawy ýerli kärhanalara goňşy ýurtlar bilen serhetýaka söwdalaryny amala
aşyrmaga goşmaça mümkinçilikleri döreder. Täjirçilik mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmak, ýol howpsuzlygynyň ähmiýetini artdyrmak maksady bilen,
awtomobil ýolunyň belli bir aralyklarynda hyzmat ediş zolaklary üpjün ediler.
Soňra dabara karbamid öndürýän
toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi.
Çykyş etmek üçin «Çalyk
Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga
söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan
beýik başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda
durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan
belent sepgitlere ýetip, ynamly ädimler bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetiň
ähli pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Beýleki
ugurlar bilen bir hatarda, döwlet tarapyndan himiýa senagaty pudagynyň mundan
beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär we bu ugra iri möçberli maýa goýum
serişdeleri gönükdirilýär. Ahmet Çalyk ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşine
saldamly goşant goşjak täze desganyň gurluşygyna öz ýolbaşçylyk edýän
kompaniýasynyň hem gatnaşmagyna örän buýsanýandygyny belläp, şu günki dabara
gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkiýeli işewür
Türkmenistanyň gysga wagtyň içinde dünýäniň senagat taýdan çalt depginlerde
ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň
ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilkinji nobatda, ýerli çig
malyň netijeli peýdalanylmagyna we mineral dökünleriň önümçiliginiň
artdyrylmagyna, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn
ähmiýet berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ak
pata bermegi esasynda gurluşygyna badalga beriljek karbamid öndürýän toplumyň
hem tebigy gazdan karbamid döküniniň önümçiliginde örän uly ähmiýete eýe
boljakdygyna ünsi çekdi. «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasy hökmünde himiýa
senagatynyň mundan beýläk-de ösmegine saldamly goşant goşjak, öňdebaryjy
tehnologiýalar ornaşdyrylan, täzeçil, ekologik taýdan arassa çözgütleri özünde
jemleýän bu täze toplumyň gurluşygyna jogapkärçilikli çemeleşjekdigimize hem-de
ony ýokary hilli ýerine ýetirjekdigimize ynandyrmak isleýärin» diýip, Ahmet
Çalyk aýtdy we ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýe bolan bu täze
taslamanyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin
döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Soňra «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito çykyş edip, ilki bilen, Türkmenistanda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawlary
netijesinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda
birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Şu gün düýbi tutulýan toplumyň gurluşygynyň
ynanylmagy hem bu kompaniýanyň wekilleri üçin aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda döwlet durmuşynyň ähli
ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň diplomatik
başlangyçlary, durmuşa geçirýän daşary syýasaty nusgalyk häsiýete eýedir. Munuň
aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Eisaku Ito abadan,
inklýuziw we durnukly geljegi gurmak üçin ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Işewür Ýaponiýa bilen
Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn
ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygyny belledi. Şu ýylyň
aprelinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa sapar bilen bardy. Saparyň dowamynda
döwlet Baştutanymyz Osakada geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde
Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy, şeýle hem
ýokary derejede birnäçe duşuşyklary geçirdi. Eisaku Ito ýolbaşçylyk edýän
kompaniýasynyň 2018-nji ýylda Türkiýäniň “GAP Inşaat” we “Mitsubishi
Corporation” kompaniýalary bilen bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody
gurandygyny, şu günki düýbi tutuljak karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny hem
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň “GAP Inşaat” kompaniýasy
bilen bilelikde ýerine ýetirjekdigini aýdyp, munuň Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň
we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna
ynam bildirdi.
«Mitsubishi Heavy Industries,
Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory çykyşynyň ahyrynda öz
ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmaga
mundan beýläk-de goşant goşmagy maksat edinýändigini belläp, hemmeleri
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de
hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň
tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi.
Häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.
Karbamid öndürjek toplumyň
gurluşygy Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» we Ýaponiýanyň
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň
tehnologiýasy we tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň «Topsoe»
kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid
önümçiligi Germaniýanyň «ThyssenKrupp», kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige
iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.»
kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.
Türkmenistanyň himiýa
senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdeleri ýokary derejede
peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we ösdürmäge
gönükdirilendir. Şunda mineral dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn
ähmiýet berilýär. Toplumda öndürilen önümleri dünýä bazaryna çykarmak üçin anyk
işler durmuşa geçiriler. Hususan-da, täze toplumyň taýýar önümlerini eksport
ýollary arkaly daşamak üçin Gyýanly gämi duralgasyny abatlamak, bar bolan demir
ýoly täze topluma çenli uzaltmak, bu toplumy Türkmenistanyň demir ýol ulgamy
bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler senagat önümleriniň
eksportynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Soňra hormatly Prezidentimiz
karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy
galdyrdy. Soňra Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.
Bu döwrebap awtomobil ýoly
jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5
metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň
giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden
ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek
maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar.
Jemi uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap awtomobil ýoly Türkmenbaşy
şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen
“Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýynda guruljak aýlawly çatryga çenli
aralykdaky menzili öz içine alar. Bu aýlawly çatrykdan hem Gazagystan bilen
araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.
Ýoluň hil derejesi dürli
gatlardan ybarat bolan döwrebap usullar arkaly üpjün ediler. Tekizlenip,
basgylanan toprak gatlagynyň üstünden geotekstil, 30 santimetr galyňlykdaky iri
däneli çagyl-çäge garyndysy, 20 santimetr galyňlykdaky ownuk däneli çagyl-çäge
garyndysy, 8 santimetr galyňlykdaky öýjükli iri däneli gyzgyn asfalt-beton, 7
santimetr galyňlykdaky dykyz, iri däneli gyzgyn asfalt-beton we jemleýji gatlak
hökmünde 5 santimetr galyňlykdaky dykyz, ownuk däneli, gyzgyn asfalt-beton
ýazylyp, basgylanar. Bir sagatda 580, 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany
awtoulaga hyzmat etjek bu häzirki zaman awtoulag ýolunyň ugrunda 8 sany awtobus
duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş
maksatly binalaryň gurluşyklary hem göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýolunyň
giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik
enjamlary bilen üpjün ediler. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi
awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyk-taslama işleriniň
amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we halkara
gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz bu
şanly waka — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik
ýazgy galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.
Milli lybasly, eli pilli oglan
hormatly Prezidentimizden karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüni tutup bermegini
haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen
ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň
göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny
atdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen
ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine
ugrady.
Ýol ugrunda döwlet
Baştutanymyz gurluşyk işlerinde ulanyljak tehnikalar bilen tanyşdy. Bu
tehnikalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, göz öňünde
tutulan gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde
medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň
düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de
ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda
gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu
başlangyja ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar
bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.
Bu ýerde Watanymyzy we täze
taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
***
Şu gün «Awaza» sport
toplumynyň çäginde ýörite gurnalan göçme sadaka jaýynda Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynda geçirilen dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.
Şeýlelikde, Esenguly etrabynda
agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän
awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda
karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi
awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy
ýurdumyzyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler
Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşyny ileri
tutulýan ugur edinýändigini we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk
ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.
tdh.gov