Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört
aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine
seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si
kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we
energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”,
“Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk
namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki
wagtda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen
bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň
medeni mirasyny aýawly saklamak, ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmek,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly amala
aşyrylýan işleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça kanun taslamalary
taýýarlanylýar.
Geçen
döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk
işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary
ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mundan başga-da,
deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde
guralan maslahatlaryň 30-dan gowragyna gatnaşdylar. Halkara tejribäni öwrenmek
maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlary amala
aşyryldy. Deputatlaryň halk köpçüligine döwlet syýasatynyň wezipelerini, kabul
edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda
gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary
barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini
goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly kanun taslamalaryny taýýarlamaga hemişe
aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurt döwletleri bilen ýola
goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly parlamentara gatnaşyklary ilerletmäge
möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 6,3
göterim artandygyny aýtdy.
2023-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim
artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň
başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň
meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda
ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň
degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge
gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen dört
aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak
boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň
bilen birlikde, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri
netijeli alyp barmak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy
102,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy hem 110,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de
polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak,
mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki ykdysady
görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz
känlerinde tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça
maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna
ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa
geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny
nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda önümçiligiň
ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,4 göterime
deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 144,2 göterime, Daşky
gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 137,9 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 220,9 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 107,4 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 113,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 101 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 282,6 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň
ekişini geçirmek, olaryň ekilen meýdanlaryna ideg etmek boýunça işler
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny
we gurallary ýokary öndürijilikli işletmek, galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça
meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçuklaryna ideg etmek
işleri dowam etdirilýär. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak üçin degişli çäreler görülýär, suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba
hojalyk pudagynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny
artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, pudaga
sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz
wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik
ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat
we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça
111,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 159,3 göterim boldy. Şu
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5
göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 126,4 göterim berjaý
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket
edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama
kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola
goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
awtomobil ýollaryny gurmak boýunça öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň wajypdygyny
nygtady. Şeýle hem wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli
binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna
berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda,
telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda gazanylan görkezijiler barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime, öndürilen önümleriň
ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça
nah matalaryň önümçiligi 108,4 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 104,8
göterime, gön önümleriniňki 117,3 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine
ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan
birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 9 müň 511 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala
aşyrylan işleriň ösüş depgini 110,3 göterime deň bolup, sergileriň 6-sy,
maslahatlaryň 41-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça
şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini
111,7 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime
barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige
ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap
bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Bu işleriň ählisine Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek zerurdyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli baýramçylyklar we Gündogaryň
beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşlary mynasybetli dürli çäreler
geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary
we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly
kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler
guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda, Özbegistanda, Türkiýede we
Fransiýada medeni çäreleriň, konsertleriň, maslahatlaryň geçirilendigi barada
aýdyldy. Şeýle hem dört aýyň dowamynda teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň,
kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň gerimde
geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleri
mundan beýläk-de ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp
barmak barada görkezme berildi. Taryhy, medeni, ruhy baýlyklarymyzy gorap
saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan
teleradiogepleşiklerini yzygiderli taýýarlamak, bu işleri metbugatda-da giňden
beýan etmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz medeni mirasymyzy, aýdym-saz
sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda ýaş nesillerimize ýetirmek
boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz teatrlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny
giňden açyp görkezýän, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösüşini beýan
edýän eserleri sahnalaşdyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we
sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimli nesli
terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim
ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeler
dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
hemaýat-goldawlary bilen Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara
matematika olimpiadasy, döredijilik bäsleşikleri, bedenterbiýe-sport,
medeni-jemgyýetçilik çäreleri, halkara olimpiadalar, IV Açyk halkara
matematika, II Açyk halkara informatika olimpiadalary geçirildi. Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, “Gadymy Änew
medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara
ylmy maslahatlar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi.
Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda,
ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary,
şypahanalary gurmak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, adam
ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrundaky giň gerimli işler dowam etdirildi.
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumy
ulanmaga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara dürli operasiýalar geçirildi hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde welaýatlardan
gelen çagalara ýöriteleşdirilen bejergiden soňky dikeldiş çäreleri
meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini
ösdürmek, milli ýygyndy toparlarymyzy Olimpiýa oýunlaryna we halkara ýaryşlara
taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň
gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli
ýöriş, dürli medeni-sport çäreleri geçirildi. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar
sport toplumynda ýokary derejede geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş
ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça
Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary birinji orna mynasyp boldy. Hasabat
döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 114, şol sanda 37 altyn,
39 kümüş, 38 bürünç medala mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň adyndan
halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere
sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim
edaralarynda okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini
döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz
ylmy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ylmy işlerde
innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige
hödürlemek meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirip durmagyň
zerurdygyny belledi. Şeýle-de wise-premýere sport desgalaryny netijeli
dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga
giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny
durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny hem-de öňde
goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bellenilişi
ýaly, 4 — 6-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine, 1-nji
martda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna,
4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Şol
saparlaryň barşynda ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly
söhbetdeşlikleri geçirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan
dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Raisi ýurdumyzda saparda boldy.
Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda daşary ýurt
wekiliýetleriniň ýurdumyza bolan saparlary, döwletimiziň wekiliýetleriniň
daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly
ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe dürli derejedäki, şol sanda
sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 68 resminama
bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde-de
ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýanwar — aprel aýlarynda
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen
duşuşyk boldy. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly
ähmiýet berlip, bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitde we
dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary
syýasaty dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz hyzmatdaş döwletler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu
ýylyň dowamynda meýilleşdirilen köp sanly halkara çäreleri we maslahatlary
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp
barmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört
aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime deň boldy. Ulagyň ähli
görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde,
103,5 hem-de 102,6 göterime barabar boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda
«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş
depgini 104,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,5 göterime,
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 161,2 göterime,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 114,8 göterime,
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,9 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan
wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Şeýle
hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli
önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi hakynda
habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan
möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudagyň maddy-enjamlaýyn
üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň
ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime,
ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2
göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň
boldy.
Ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň,
şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş
merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy
dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda
ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler
geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol dabaralaryň hatarynda
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,
ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi we raýatlaryň zähmet rugsady
başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky
myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary,
welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus
möwsümine talabalaýyk taýýarlamak tabşyryldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov