Düýn
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde
Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen
köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
gatnaşdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramlaryň milli
senenamasynda mynasyp orun alan we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan Bütindünýä
saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny
görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi hormatly
Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň
oňyn netijesidir. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri
tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin
bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Saglygyň we sportuň biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul
edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bedenterbiýe, sport bilen
yzygiderli meşgullanýan döwlet Baştutanymyz dürli sport çärelerine gatnaşyp,
hemmelere görelde bolýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreleri guramak başlangyjy
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu
asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam
etdirilýär.
Ine, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin
welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň
ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy.
Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda
alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa
gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň
ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli
ýerleriniň birine öwürdi.
Ir
bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň
häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport
çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň
wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde
terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim
berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy
toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä
gatnaşýarlar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat
ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary
taýýarlapdyrlar.
Döwlet
Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň
hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara
gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň
şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.
...Ýurdumyzda
geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda
baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny
goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran
görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem her ýylda guralýan şeýle ýörişlere
gatnaşýan ýaşlaryň, şol sanda uly ýaşly adamlaryň sany barha artýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz
tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde
ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri
bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu möhüm ulgamyň ösdürilmegi
ynsan saglygyny berkitmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň, adamlaryň beden we
ruhy taýdan kämilleşmeginiň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, sazlaşykly
ösýän ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. “Saglyk”
Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli
amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk
gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy
we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion
lukmançylyk klasteri kemala gelýär.
Häzirki
wagtda Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, sport ussatlaryny, degişli
düzümiň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamak, sebit we dünýä
derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem-de mümkinçiliklere
eýedir. Muňa anyk mysal hökmünde paýtagtymyzdaky köpugurly Olimpiýa şäherçesini
görkezmek bolar. Onuň degişli desgalarynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we
söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, ondan soňky ýyllarda bolsa beýleki
birnäçe iri halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Döwrebap sport desgalarynyň
toplumy Arkadag şäherinde hem guruldy. Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň
suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler Hazar deňziniň
ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda-da göz öňünde tutulandyr. Ýerli howa şertleri üçin adaty bolmadyk
gyşky sport görnüşlerine, hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň häzirki wagtda
uly höwes bilen özleşdirýän figuralaýyn typmagyň we hokkeýiň ösüşine-de täze
itergi berildi.
Döwletimiziň
özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän goldawlaryna mynasyp jogap hökmünde
türgenlerimiz abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, ajaýyp netijeleri gazanýarlar
hem-de täze baýraklar bilen Watanymyzyň sport üstünlikleriniň üstüni
ýetirýärler. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da
belende götermäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary
ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlaryny ilerletmäge, Olimpiýa
hereketiniň ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik ýaly maksatlaryny
goldamaga amatly şertleri döredýär. Sport diplomatiýasyny we onuň
mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan
ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, degişli
Kararnama 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda
biragyzdan kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary
işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol
sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz
öňünde tutulýar.
Welosport
barada aýdylanda, ol sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen we
dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda hem uly
meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň özboluşly taryhy bar. Ýeri gelende
bellesek, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara
ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistanlylaryň
arasynda-da welosipedi ulag serişdesi hökmünde hem-de wagty peýdaly geçirmek
maksady bilen ulanýanlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen birlikde, welosiped
ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýar. Ony gezelençlerde we
syýahatlarda ýa-da sport ulagy hökmünde ulanmak bilen, adamlar diňe bir
saglygyny berkitmän, eýsem, daşky gurşawa aýawly we jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini
hem görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän
ähli durmuş-ykdysady, pudaklaýyn maksatnamalaryň, gurluşyk taslamalarynyň
ekologik ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtamak zerurdyr.
Halkymyzyň
tebigata aýawly çemeleşmek boýunça asyrlaryň dowamynda kemala getiren parasatly
ýol-ýörelgeleri häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan, ylmy taýdan
esaslandyrylan uzak möhletli strategiýada öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Milli
bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli her ýylda geçirilýän
köpçülikleýin bag ekmek çäreleri esasynda Watanymyzda tokaý zolaklarynyň,
seýilgähleriň çäkleri barha giňeýär. Munuň özi ýerli howa şertlerine,
umumylykda bolsa ekologik ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.
...Köpçülikleýin
welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe
ýurdumyzda ekologik abadançylygy mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý
zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin
wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine
ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik
edýän orunbasary B.Annamämmedowa bolsa paýtagtymyzy mundan beýläk-de
abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga
büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary
üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamak barada tabşyryklary berdi.
Saglygy
goraýyş, sport we ekologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wezipeleri çözmekde
jogapkärçilikli orny eýeleýän Türkmenistan bu babatda Birleşen Milletler
Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara we sebit
guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, ýurdumyzyň welosiped
sürmek medeniýetini ösdürmek boýunça teklipleri dünýä giňişliginde uly goldawa
mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň şeýlediginiň
aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna
goşulmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky başlangyjy ýurdumyzyň
ekologiýa babatda hyzmatdaşlyga jogapkärli we uzak möhletleýin esasda
çemeleşýändiginiň anyk mysalydyr.
Welosipediň
ähmiýeti baradaky gürrüňe dolanyp, onuň artykmaçlyklary hakynda hem nygtamak
möhümdir. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan welosipedi dolandyrmak örän
ýeňil bolup, ol bedeni sagdyn, ykjam saklamak üçin ajaýyp türgenleşik
serişdesidir. Welosipedde gezim etmek adam bedeninde deňagramlylygy saklamaga,
onuň çeýeligini ýokarlandyrmaga, kesellere durnuklylygyny berkitmäge, dürli
keselleriň döräp bilmek ähtimallygyny azaltmaga ýardam edýär. Şeýle-de
welosipedli gezelençler daşky gurşawyň tebigy gözelliklerini synlap, olardan
lezzet almaga mümkinçilik berýär. Arassa howada geçirilen wagt göwnüňi göterip,
süňňüňe güýç-kuwwat eçilýär. Munuň özi adamyň ruhy hal-ýagdaýyna, umumy
pikirleniş ukyplaryna oňyn täsirini ýetirip, iş öndürijiligini ýokarlandyrýar,
döredijilik bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.
Umuman,
welosport hem-de welosipedli gezelençler ruhubelentligiň, saglygy berkitmegiň,
maşgala bolup wagtyňy hoş geçirmegiň çeşmesidir. Bu gyzykly güýmenje bilen
meşgullanýanlaryň we onuň bilen baglanyşykly geçirilýän sport çärelerine
gatnaşýan ýaşlaryň sany barha artýar. Welosiped aglaba wagtyny okuw bilen
geçirýän ýaş nesil üçin sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine eýermegiň netijeli
usulydyr. Bilim işiniň internete we sanly ulgamlara, interaktiw-multimedia
tehnologiýalaryna geçýän zamanynda bilim alýan ýaşlar köp wagtyny kompýuteriň
öňünde geçirýärler. Şeýle ýagdaýda yzygiderli welosipedli gezelençler ajaýyp
maşk hem-de sagdyn dynç almagyň bir görnüşi bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi
ýaş nesilleriň beden saglygynyň pugtalanmagyna, aň-paýhas işjeňliginiň
ýokarlanmagyna ýardam edýär. Welosipedde gezim etmek çagalaryň sagdyn
ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna,
bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary
tapynmaklaryna şert döredýär.
Türkmenistanda
çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da,
döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge
mynasypdyr.
...Hormatly
Prezidentimiziň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary
paýtagtymyzyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary
boýunça hereketini dowam etdi. Ýaz paslynyň säheriniň jana tenekar arassa
howasy, ýaşyl begrese bürenen Köpetdagyň gözellikleri şähdiňi açyp, ýatdan
çykmajak duýgulary bagyşlaýar. “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip atlandyrylýan,
dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň
ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende
göterýär.
Güllere
beslenen seýilgählerdir seýilbaglar Aşgabadyň iň gözel we özboluşly
künjekleridir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda paýtagtymyzyň günorta
böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary
ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi
oturdylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu waka mynasybetli geçirilen dabaralar döredijilik mirasy bütindünýä
medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen görnükli söz
ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň
wekilleri bolan meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlardyr sazandalaryň
heýkelleriniň hatary toplumyň gaýtalanmajak binagärlik düzümini emele getirýär.
Munuň özi häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilýän
dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň has-da dabaralanýandygyny
alamatlandyrýar.
...Welosipedli
ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp
kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işjeň
we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolup, hemişe
bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi
böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde
welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da,
ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga
çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn
işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz
sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş
nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs
ýürekden gutladylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk,
üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň
agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynsanperwer
gymmatlyklara, durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, saýlap
alan döredijilik ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
* * *
Düýn
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag
şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli
ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji
aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn
maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary,
bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň
hataryndadyr.
tdh.gov