Düýn
Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji
sammite gatnaşdy.
Türkmenistan
bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege
hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak
möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary
durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi,
üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, energetika, ylym-bilim, sebit
howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän söwda
ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary soňky ýyllarda maýa
goýumlar üçin täze mümkinçilikleri döredip, daşary ykdysady gatnaşyklaryny
giňeldýärler. Munuň özi sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň
goşulyşyp, ählumumy ykdysadyýetiň möhüm bölegine öwrülmegine ýardam berýär.
Sebitara
dialogyň işjeňleşdirilmegi, bilelikdäki taslamalaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy
we taraplaryň özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy hyzmatdaşlygy ösdürmek
üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formaty
sebitiň ösüşine, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam
berip, öz netijeliligini görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝB-niň
arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen şu gezekki
sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek,
“ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly
aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen
baglanyşykly meseleler girizildi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — Kongres
merkezine tarap ugrady. Merkeziň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Samarkant şäherinde
geçirilýän “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli
birinji sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň
Prezidenti Emomali Rahmon, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa
Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropanyň maýa goýum
bankynyň ýolbaşçysy hanym Nadýa Kalwinýo, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň
ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso hem gatnaşdylar.
Däp
bolan bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, belent mertebeli myhmanlar
Kongres merkeziniň uly mejlisler zalyna bardylar. Bu ýerde “Merkezi Aziýa —
Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiň mejlisi geçirildi. Prezident
Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli duşuşygy açyp, mejlise gatnaşyjylary ýene-de
bir gezek mübärekledi we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitini gadymy
Samarkant şäherinde geçirmek barada Özbegistanyň başlangyjyny goldandyklary
üçin hemmelere hoşallyk bildirdi. Şeýle-de özbek Lideri çykyşynyň dowamynda
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky duşuşygynyň
möhüm ähmiýetini belledi.
Soňra
sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp,
açyk göwünliligi, myhmansöýerligi we işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekip, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejedäki şeýle duşuşykda
ilkinji gezek gepleşikleri geçirýändigini belledi. Munuň özi özboluşly wakadyr.
Biziň pikirimizçe, bu gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga
we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk
edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ara alyp maslahatlaşmalaryň
gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi hem-de anyk ylalaşyklary
gazanmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan
bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň arasynda sebit parahatçylygyny,
howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny gazanmaga we saklamaga aýratyn ähmiýet
berýär. Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa
Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy
ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris.
Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň
tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys.
Garaýyşlaryň
umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji,
geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde
görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň
öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu
maksatlara ýetmek üçin iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 21-nji martda 67 döwletiň awtordaşlygynda «Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine ünsi çekip,
bu resminamany goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmegiň sebitde we bütin
dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýetini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky
ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýändigini, bularyň ileri
tutulýan ugurlar hasaplanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi
bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu
ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary
amala aşyrmak ugrunda çykyş edýändigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň
kuwwatyny artdyrýandygyny we ony Ýewropa ibermäge taýýardygyny belläp, elektrik
ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu
taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynam
bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýel we Gün energiýasyny
peýdalanmakda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardygyny, wodorod
energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem
açykdygyny aýtdy.
Ulag-kommunikasiýa
pudaklary-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar —
Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup
durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar
deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem
ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak
isleýärin.
Kommunikasiýa
ulgamynda-da Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we
mümkinçiliginden ugur alýarys. Umuman, Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty
üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna
laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda
Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň
möhüm şerti diýip hasaplaýar.
Umuman
alnanda, sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa
goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna
ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurdumyzyň Ýewropa bilen
söwdany has-da giňeltmek üçin hem açykdygyny, maýadarlara doly amatly şertleri
döretmäge taýýardygyny aýtdy we Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda
işlemäge çagyrdy. Şunda türkmen tarapy Ýewropa Bileleşigine harytlary
iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine
seretmegi teklip edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we
giňeltmäge hem ygrarlydygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan
bäri Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we
maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belledi. Şolaryň arasynda
“TACIS-TEMPUS”, “ERASMUS-MUNDUS”, “DARYA” ýaly giň gerimli maksatnamalar bar.
Hususan-da, Türkmenistanda “ERASMUS-MUNDUS” we “ERASMUS+” maksatnamalarynyň
çäklerinde magistr maksatnamalary, bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak, durnukly
ösüşi we akademiki ykjamlygy goldamak boýunça 40-dan gowrak taslama amala
aşyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işi ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň
talaplaryna, isleglerine jogap bermek bilen, hünärment bilimi babatda
bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Munuň özi ýokary tehnologiýaly kärhanalarda işleýän ýokary hünärli tehniki
işgärleri taýýarlamak babatda örän möhümdir.
Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň
ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny
işjeňleşdirmegi teklip edip, syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we
etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny
taýýarlamagyň hem geljeginiň uludygyny nygtady.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge
çalyşýandygyny we bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga
taýýardygyny tassyklady.
Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize çuň
many-mazmunly çykyşy, beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli
hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.
Sammite
gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagyň we ony anyk
maksatlara gönükdirmegiň, özara gatnaşyklaryň täze gurallaryny işläp
taýýarlamagyň, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, “ýaşyl”
energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy has-da
işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek,
bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak, innowasiýalary, sanly çözgütleri
goldamak boýunça anyk ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi”
görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň ähli gyzyklanma
bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň
nobatdaky beýany boldy. Şeýlelikde, bu ýokary derejeli duşuşygyň
netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda
söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary
ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda we bu ugurda bilelikdäki
strategiýalary işläp taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
tdh.gov