Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sapar bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma
bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary işjeň
ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan bu strategiýa
ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.
Türkmenistan
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar uzak
möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak,
ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu günki gün türkmen-ýapon
hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
okgunly ösdürilýär. Türkmenistan hem-de Ýaponiýa abraýly halkara guramalaryň,
ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda üstünlikli
hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň we
beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli
goldaýar.
Döwletara
gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklara we özara saparlara möhüm
orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy,
2013-nji, 2015-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran
saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga we
ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berendigini bellemek gerek.
Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki
ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Söwda-ykdysady
ulgam Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda senagat, ulag-kommunikasiýa,
ýangyç-energetika ulgamlarynda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar ykdysady
hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. «ITOCHU», «Kawasaki Heavy
Industries», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo», «Toyo Engineering», «Komatsu»
ýaly kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp
baryp, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda,
daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» energetika babatdaky taslamalar ýurdumyzyň
Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan milli senagaty we oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin
öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryna, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň
awtomatlaşdyrmak, maglumat tehnologiýalary, durnukly ösüş boýunça innowasion
çözgütlerine uly gyzyklanma bildirýär.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir.
Ýurtlarymyz däp bolan ylym-bilim, medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, ýokary
okuw mekdepleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.
Şunda Türkmenistanyň bilim edaralarynyň we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň
arasynda ýola goýlan gatnaşyklary bu hyzmatdaşlygyň oňyn mysallarynyň hatarynda
görkezmek bolar. Özara Medeniýet günleriniň, konsertleriň, sergileriň, beýleki
çäreleriň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we
dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.
...Birnäçe
sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Osakanyň Kansai Halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.
Ýaponiýa
saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO —
2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly
çärelere gatnaşar, şeýle hem ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we işewürlik
duşuşyklaryny geçirer.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary dowam edýär.
tdh.gov