Düýn
Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit”
döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda
ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara
göçme forum öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika
kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag,
aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri
birleşdirýän möhüm meýdança öwrüldi. Onuň maksady Türkmenistanyň
ykdysadyýetiniň esasy ugurlary bolan pudaklara göni daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmekden, energetika ulgamynyň durnukly ösüşi üçin sebit
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Forumyň
işine gatnaşýan kompaniýalaryň giň wekilçilikli düzümi halkara işewürleriň
geljegi uly maýa goýum ugry hökmünde Türkmenistana gyzyklanmalarynyň barha
artýandygyna şaýatlyk edýär. Çäräniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz
halkara forumyň maýa goýumlary çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge
we işjeň gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan
oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna
ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milli hem-de halkara derejede energetikanyň
durnukly geljegini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň 21-nji
martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar
mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem bu ugurda wajyp ädim
boldy. Bu barada “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly:
bütindünýä energiýanyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň
orny” atly mowzukda guralan esasy mejlisiň dowamynda giňişleýin durlup geçildi.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy gazyň baý
gorlarynyň bolmagy ýurdumyza ygtybarly energetika we üstaşyr ulag geçelgelerini
döretmek işine uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
Forumyň
gün tertibine ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýady, nebitgaz senagaty we
beýleki pudaklarda täze maýa goýum taslamalary ýaly ugurlar boýunça möhüm
meseleler girizildi. “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum
mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa” atly birinji bölümçesinde oňa
gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri
tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat aldylar. Toplumy ösdürmegiň
strategiýalarynda iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge aýratyn
ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň energetika ulgamy üçin täze mümkinçilikleri
açýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz
geçirijisiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Gurluşyk,
ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna üns berip,
Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini
çaltlandyrmaga bagyşlanan bölümçäniň dowamynda ýurdumyzyň döwrebap şäher
gurluşygyna, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna, onuň gadymy
täjirçilik ýollarynyň gaýtadan dikeldilmeginde, “TRACECA” başlangyjy esasynda
Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän
ornuna garaldy. Şähergurluşyk barada aýdylanda, durnukly ösüşiň nusgasy bolup
durýan Arkadag şäheriniň innowasion taslamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi
çekmek zerurdyr. Häzirki wagtda bu “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry
dowam edýär. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan
Arkadag şäheri Merkezi Aziýada ilkinji “akylly” şäherdir. Ol öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmakda we amatly hem-de durnukly şäher gurşawyny
döretmekde Türkmenistanyň strategik ugrunyň üstünlikleriniň görkezijisidir. Bu şäher birnäçe abraýly baýraklar we güwänamalar
bilen tassyklanan giň halkara ykrarnama eýe boldy.
Forumdaky
çykyşlarda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, dostlukly gatnaşyklary
berkitmekde netijeli gural bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk
derejesiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen üç
gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyza howpsuzlyk,
parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigine
teklip etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ähli
ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna we ösüp barýan döwletleriň ornuny
güýçlendirmäge esaslanýan adalatly, deňeçer halkara gatnaşyklar ulgamynyň
kemala getirilmeginde Malaýziýa bilen garaýyşlary meňzeş bolup, Günorta-Gündogar
Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) bilen ykdysady hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan edýär.
Türkmenistanyň
energetika pudagynda giň maýa goýum mümkinçilikleri nebit we nebithimiýa
pudaklarynyň ösüşi üçin uly geljegi açýar. Ýurdumyzyň strategik çemeleşmeleri
ykdysady ösüşi goldamak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä
ykdysadyýetine goşulyşmak üçin ägirt uly uglewodorod gorlaryndan netijeli
peýdalanmaga gönükdirilendir. Dünýä bazarlary üçin goşulan bahasy ýokary bolan önümleri
öndürmegi ugur edinýän döwrebap nebithimiýa toplumlaryny gurmak we ösdürmek
boýunça taslamalar uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen birlikde, iri känlerde
nebitiň gazylyp alnyşyny artdyrmak, geologik barlaglara innowasiýalary çekmek,
magdan we magdan däl gazylyp alynýan baýlyklary agtarmak hem-de ýüze çykarmak
üçin mümkinçilikler bar.
Milli
senagat düzüminiň, hyzmatlar ulgamynyň ösdürilmegi-de Türkmenistanyň we
Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri
açýar. Önümçiligiň möçberiniň artdyrylmagy, senagat, dokma we azyk senagaty
ýaly möhüm ugurlarda eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ykdysady ösüşe
goşmaça itergi berýär. Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny
tutýan önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga
gönükdirilen birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Şeýle tagallalaryň çäklerinde
hususy pudagyň ösdürilmegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň
işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny berkitmek babatda çäreleriň
amala aşyrylmagyna uly üns berilýär.
Durnukly
geljegi döretmekde arassa energiýanyň ähmiýetine bagyşlanan pikir alyşmalaryň
dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler
boýunça hereketlerde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ekologiýa jogapkärçilikli
çemeleşmäge ygrarlydygy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
tarapyndan tassyklanyldy. Onda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna
goşulýandygy we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara
hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigi yglan edildi. Şoňa
görä, forumda metan zyňyndylaryny hem-de kömürturşy gazyny azaltmak boýunça
tagallalaryň çäklerinde pul serişdelerine öwrüp boljak uglerodlaryň syzylyp
çykmagynyň öňüni almak, peýdalanmak we saklamak ýaly ugurlarda innowasion
çözgütleriň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zyýanly zyňyndylary
azaltmaga, ählumumy howa maksatlaryna laýyk gelýän arassa energetikany
ösdürmäge gönükdirilen taslamalara maýa goýumlary höweslendirmek boýunça
çäreler hem ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistan
bilen Malaýziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy ony dürli ugurlar
boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň
özi özara maýa goýumlaryň höweslendirilmegini, işewürligi ýöretmek üçin amatly
şertleriň döredilmegini, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, gurluşyk,
nebit we gaz serişdelerini gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary
tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda
taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda geljegi uly bilelikdäki işleri öz
içine alýar.
Malaýziýanyň
paýtagtynda işjeň ýagdaýda geçýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum iki ýurduň wekilleriniň
arasynda giňişleýin gepleşikleri geçirmek üçin hem amatly meýdançadyr. Ara alyp
maslahatlaşmalara gatnaşyjylar çäräniň netijeliligine ýokary baha berip, onuň
özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir
alyşmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de şu gezekki duşuşygyň
hyzmatdaşlygy berkitmek we iki ýurduň ykdysadyýetlerini has-da ösdürmek üçin
uly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
tdh.gov