25.07.2023
                    
                                      
                                                            
                                        2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Türkiýe Respublikasynyň Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy Sefa Gomdeniziň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk tarapy, Türkmenistanyň işewür toparlaryny Türkiýede geçirilýän sergilere gatnaşmaga çagyrdy.