06.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini
geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda
Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, şol sanda
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja” atly “Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”
we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi. Şeýle
hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik
desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny
we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky
gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara
degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Mejlisde
daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlarynyň 8-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 48-si geçirildi. Halkara guramalaryň
ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 105-sine gatnaşyldy. Kanunçykaryjylyk
işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 24-si amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimiziň hukuk binýadyny
berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini
senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we
hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.
Geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda
jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik
netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,6 göterim, daşary söwda
dolanyşygy bolsa 9,5 göterim artdy.
Şu
ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji
böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we
hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar,
döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim
ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda
dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
kämilleşdirmegi dowam etmegiň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary
derejede saklamagyň, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek
boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen
baglylykda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim ýerine
ýetirildi.
Hasabat
döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 118,9
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, kerosin
öndürmegiň meýilnamasy 105,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy
100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý
edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim
ýerine ýetirildi. Şeýle hem tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy
109,1 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik
kuwwatyny netijeli peýdalanmak, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, şeýle
hem nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu
ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň
welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,2 göterime barabar
boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 111,4 göterime, Daşky
gurşawy goramak ministrligi boýunça 107,3 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 107,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
122,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 126,4 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 121,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet
birleşigi boýunça 101,1 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 149,2 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, şeýle hem pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär. Bu işler bilen
bir hatarda, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça
degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi
dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere oba
hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy, şeýle-de ýurdumyzda
alnyp barylýan oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat
toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy
118,8 göterim berjaý edildi.
Öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik
ministrligi boýunça 102,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
boýunça 132 göterim, Energetika ministrligi boýunça 103,7 göterim ýerine
ýetirildi. Awtomobil ýollary
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,5 göterim
berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 122,9
göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 133 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat
toplumynyň kärhanalarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, himiýa
kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, elektrik
energiýasyny öndürmek, şeýle-de awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny
täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň möhümdigini
belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 114 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi
boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6
göterim ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji nah ýüplügiň önümçiliginde
103,4 göterime, nah matalarda 101,7 göterime, tikin we trikotaž önümlerinde
103,6 göterime, gön önümlerinde 100,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 106
göterime barabar boldy.
Hasabat
döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip,
olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 146,4 göterime, 2026-njy ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 22 sergi we
10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba
hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy. Söwda-haryt
dolanyşygynda 110,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň
hem-de beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy, dokma
senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek işlerini
dowam etmegi hem-de hususy pudagy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar, şeýle-de
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz
etmek maksady bilen, maslahatlar hem-de wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik
yglan edildi. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda
başlyklyk etmegi bilen baglylykda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň çäklerinde GDA agza ýurtlaryň döwlet we
jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisi, «Tatar
gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry, telewideniýe we kino
sungatyndaky üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty, «Bedew bady: güýç hem
gözellik» atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy, şeýle hem medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti ýokary
derejede geçirildi. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda daşary
ýurtlaryň tanymal estrada aýdymçylarynyň gatnaşmaklarynda konsert geçirildi.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň bilelikde
guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda
«Ene – tebigat» atly halkara sergi öz işine başlady. Şekillendiriş sungaty
muzeýinde «Ajaýyp Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly nakgaş
eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi açyldy.
Ýurdumyzyň
döredijilik toparlary, mugallymlary we talyp ýaşlary Gazagystanyň Türküstan
şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna,
Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň ýaşlar Delfi
oýunlaryna, gurjak teatrlarynyň «Çodary haýol» atly VIII halkara festiwalyna,
Özbegistanyň Andijan şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara
teatr festiwalyna, Gazagystanyň Atyrau şäherinde geçirilen «Altyn dombra» atly
VII halkara bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we dürli sylaglara,
baýrakly orunlara mynasyp boldular. Meşhur sungat ussatlarymyz Gazagystan
Respublikasynyň II derejeli «Dostluk» ordeni bilen sylaglandylar.
Şeýle
hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat
gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet
ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, medeni mirasymyzy giňden wagyz
etmek boýunça işleri alyp barmagyň, şeýle hem taryhy we medeni ýadygärlikleri
rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap
ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň dowamynda bilim ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary
bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim
bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1039 medal gazandylar. Ýokary okuw mekdepleri
tarapyndan halkara olimpiadalaryň 10-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 15-si
geçirildi.
Ylym
ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmäge, ylmyň gazananlaryny önümçilige
ornaşdyrmaga gönükdirilen işler dowam etdirildi. Bu döwürde okuw kitaplarynyň,
gollanmalaryň, maksatnamalaryň 666-sy makullanyldy. Hasabat döwründe türkmen
wekiliýeti birnäçe halkara forumlara hem-de ylmy maslahatlara gatnaşdy.
“Saglyk”
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny goramak, ýokary hilli
lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, ýetilen sepgitleri
halkara derejede ykrar etmek boýunça işler alnyp baryldy. Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli lukmançylyk
operasiýalary we bejergiler amala aşyryldy.
10
— 12-nji oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary
derejede geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Arçman” şypahanasynda
goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumy, hormatly Prezidentimiziň
gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi,
Halkara pediatriýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň
işgärleriniň 40-syna döwlet sylaglary gowşuryldy hem-de hormatly atlar dakyldy.
Şeýle
hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi.
Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 179 altyn,
188 kümüş, 223 bürünç medal gazandylar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim,
saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam
etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça
işleri dowam etmegi, şeýle hem sporty ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan
hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki
saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň şu ýylyň on aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna,
Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana
hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz şu ýylyň on aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa,
Gyrgyzystana, Koreýa Respublikasyna, Ermenistana we Türkiýä saparlary amala
aşyrdy.
2026-njy
ýylyň 8-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet
Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň,
Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri we
Ermenistanyň Premýer-ministri ýurdumyza sapar bilen geldiler. Şeýle hem şu
ýylyň 22-nji maýynda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň 7 döwletiniň Hökümet
ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 718 wekiliýet döwletimize
sapar bilen geldi we Türkmenistandan 1189 wekiliýet daşary ýurtlarda saparda
boldy.
Şu
ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 385-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary
ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1971 resmi gepleşikler we
duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy
wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri 219
halkara resminama baglaşyldy.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Hasabat
döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 30 ýurduň daşary syýasat
edaralary bilen syýasy geňeşmeleri geçirdi.
Daşary
ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek
we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň
wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar —
oktýabr aýlarynda 14 döwletiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny
gowşurandyklary bellenildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň 4 sany ilçisi, şeýle
hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň
hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen
dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary berkitmegiň ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan
işleri dowam etmegi, şeýle hem ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere,
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde
2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy.
Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 108,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
bolsa 101,9 göterime barabar boldy.
Hasabat
döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň
ösüş depgini 114,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça
hyzmatlaryň ösüş depgini 118,3 göterime deň boldy. Deňiz we derýa ulaglary
döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 101,4 göterime, Aragatnaşyk ministrligi
boýunça bolsa 115,1 göterime barabar boldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça geçirilýän
zerur işleri, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp,
hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy dowam etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on
aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy
ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
“Jemi
içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
gelýändigini bellemek isleýärin. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler
üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar”
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň,
ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň
gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek
maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri
geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.