Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň örän möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.