Bilşimiz ýaly,
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady
hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagy möhüm ähmiýetli
waka hökmünde taryhyň sahypasyna ýazyldy. Milli Liderimiziň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady
hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatdaky çykyşy ýüreklerde orun aldy.
Şol çuňňur paýhasa eýlenen
çykyşyň girişinde: –– Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny
gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir.
Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady
hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady,
üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de
birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler – diýen dürdäne
sözler Arkadagyň dünýä halklaryna çakylygy bolup ýaňlandy. Gahryman Arkadagymyz
öz çykyşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
ähmiýetine maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň
çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi gurulyp, häzirki wagtda
onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär. Milli Liderimiz hünärmenleriň baha bermegine görä, gaz geçirijiniň we
degişli üpjünçilik ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy Owganystanda
12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Diýmek, bu taslama 1
milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmek bilen
çäklenmän, 12 müň ojaga berekedine bereket, rysgalyna rysgal hem goşar.
Milli Liderimiz
çykyşynda häzirki döwrüň global we sebitara meselelerine hem ünsi çekdi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň,
ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň döwletler üçin möhüm ugur bolup durýandygyny
belläp, Türkmenistanyň bu ýörelgeleri iş ýüzünde durmuşa geçirýändigini
nygtady.
Maslahatyň netijeleri halkara hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine we parahatçylykly
ösüşiň täze mümkinçilikleriniň açylmagyna itergi berer. Bu taryhy waka türkmen
halkynyň ösüş ýolundaky ýene-de bir buýsançly sahypa bolup, ýurdumyzda alnyp
barylýan parahatçylykly we ynanyşmaga esaslanýan syýasatyň dabaralanýandygyny
görkezdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda geçirilen bu taryhy waka döwletimiziň halkara abraýyny
has-da belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda beýan edilen pikirler
we öňe sürlen başlangyçlar ýurdumyzyň dünýä derejesindäki parahatçylykly
syýasatynyň we durnukly ösüş strategiýasynyň aýdyň beýany boldy.
Şeýle-de
Gahryman Arkadagymyz Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirýän üstaşyr ulag
geçelgelerini netijeli ulanmagyň, täzelerini döretmegiň zerurdygyny aýratyn
belledi. –– Bu bolsa Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary
boýunça ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri daşamagy doly üpjün etmäge mümkinçilik
berer –– diýip aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bu ýollar dünýa ýurtlaryna elektrik energiýasyny, türkmen
gazymyzy eltýär. Halkymyzyň köňül «energiýasyny»,
sungatymyzy, aýdym-sazymyzy eltýär. Işewir hyzmatdaşlyklar, dostana gatnaşyklar
bilen biziň özümizi eltýär. Dostlarymyzy
bize getirýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.