01-10 Oktýabr 2025
Forum
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
01.10.2025
BAE, Şarja emirligi
Işewürleri, maýadarlary we kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-nji ongünliginde BAE-nyň Şarja emirliginde geçiriljek
işewürler forumyna gatnaşmaga çagyrýarys.
Bu forum söwda we senagatyň ösüşindäki häzirki zaman
tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak we sebitde işewür baglanyşyklary
giňeltmek üçin aýratyn mümkinçilikdir. Forum Türkmenistanyň we Şarja
emirliginiň Söwda-senagat edaralary we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň
Federasiýasy tarapyndan gurnaldy.
Çäräniň maksatnamasynda öňdebaryjy hünärmenleriň
gatnaşmagynda panel çykyşlary, üstünlikli işewür taslamalarynyň
prezentasiýalary, şeýle hem eksportyň ösüşi we maýa goýum mümkinçiliklerine
bagyşlanan sessiýalar bar. Aýratyn üns durnukly ösüşe we halkara söwda we
senagatyň geljegini emele getirýän innowasiýalara bagyşlanar. Gatnaşyjylar öz işewür
hereketlerini ösdürmek üçin maglumatlar we amaly maslahatlar alyp bilerler.
2025-nji ýylyň 1-nji ongünliginde BAE-nyň Şarja emirliginde
geçirilmegi meýilleşdirilýän işewürler forumyna goşulyň, Ýakyn Gündogar
bazardaky ornuňyzy pugtalandyryň, täze hyzmatdaşlar tapyň we hyzmatdaşlygyň
täze ugurlaryny açyň.
Habarlaşmak
üçin:
Süleýman Gurbanýazow-
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar
bölüminiň esasy hünärmeni
Telefon: +99364469999
Email: sgubanyazov@gmail.com, Global@cci.gov.tm
Baýram Baýramow- Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň Edaranyň Agzalary bilen işlemek bölüminiň başlygy
Telefon: +99361944777
Email: bbayrambayramow1994@gmail.com, member.services@cci.gov.tm