18-20 Sentýabr 2025
Sergi
Aşgabat şäher häkimligi
18.09.2025
Aşgabat, Türkmenistan
Giriş.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi däp bolşy ýaly, ata Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ýüze çykarar.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143
Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabr aralygynda - 09:00 – 18:00
Guramaçylyk topary: + (99312) 398881, 398882, 398884.
Jogapkär wekili:Alowow Mekan
Habarlaşmak üçin : +993 12 39-88-68: Mob:+993 63 29-88-55
Email: sergi9@cci.gov.tm
Sergä gatnaşyjylar.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlary kompaniýalary, işewürleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary.
Eksponatlar.
Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlener.