21-23 Awgust 2025
Sergi-ýarmarka
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi
21.08.2025
Aşgabat,Türkmenistan
Giriş.
2025-nji ýylyň 21-23-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler, bu waka çagalaryň önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm pursat bolup, işewürler üçin bu bazar segmentiniň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp biljek platformasy bolar. «Kids Ekspo» diňe bir ýerli kärhanalar üçin meýdançany bermek bilen çäklenmän, eýsem türkmen söwda markalar üçin bütin dünýäniň bazaryna çykmaga döredilen bir açyk penjire hökmünde mümkinçilik bolar. Sergimiziň ekspozisiýasy, dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekmäge gönükdiriler.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan.
Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 21-23-nji awgust aralygynda - 09:00 – 18:00
Guramaçylyk topary:+ (99312) 398881, 398882
Jogapkär wekili: Güljahan Ataýewa
Habarlaşmak üçin : +993 12 39-88-86: Mob: +993 65 71-46-13
Email: sergi4@cci.gov.tm
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi
Habarlaşmak: +993 12 407121, 407167
Email: marketing@textile.gov.tm
Çäräniň resmi hyzmatdaşy
Türkmen sergi kompaniýasy
Habarlaşmak üçin : +99363719588
Email: contact@turkmenexpo.com