Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri hem ýylsaýyn ýokarlanýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazyň, nebit önümleriniň we elektrik
energiýasynyň uly mukdarlaryny daşary ýurtlara ibermek bilen bir hatarda,
senagat, azyk, himiýa, oba hojalyk, elektronika ýaly köpugurly önümleri hem
daşarky bazarlara eksport edýär. Döwlet tarapyndan milli ykdysadyýeti
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin edilýän tagallalar, telekeçilere
döredilip berilýän giň mümkinçilikler bolsa daşary ýurtlara iberilýän türkmen
harytlarynyň möçberiniň yzygiderli artmagyna şert döredýär. Oýlanyşykly
geçirilen özgertmeleriň netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary söwda
dolanyşygynda hasaba alynýan oňyn söwda balansy hem ýyl-ýyldan ýokarlanýar.
Telekeçilerimiz
tarapyndan öndürilýän dürli görnüşli ýuwujy, şahsy arassaçylyk serişdeleri,
atyrlar, diş pastalary, şampunlar we beýlekiler hem daşary bazarlara iberilýär.
Türkmenistanyň eksportynda uly orny eýeleýän pudaklaryň ýene-de biri dokma
toplumydyr. Toplumyň kärhanalarynda öndürilýän dürli görnüşli ýüplükler,
matalar we taýýar önümler bu günki günde daşarky bazarlarda uly islegden
peýdalanýar. Netijede, nah ýüplüginiň dürli görnüşleri, dürli usulda dokalan matalar
we egin-eşikler, hammam toplumlary, ýapynjalar, lukmançylyk pamygy ýaly dürli
taýýar önümler uly möçberde daşary ýurtlara eksport edilýär. Şeýle-de el
halylary, dürli görnüşde dokalan sowgatlyk dokma önümleri, egin-eşikleriň,
aýakgaplaryň uly toplumlaryny daşarky bazarlara ugradylýar.
Oba hojalyk
önümleri hem ýurdumyzyň daşary ýurtlara iberýän harytlarynyň sanawynda aýratyn
orny eýeleýär. Hususan-da, döwlet tarapyndan azyklyk oba hojalyk önümlerini
öndüriji ýer eýeleriniň we telekeçileriň salgytlardan boşadylmagy, olara amatly
şertleriň döredilmegi bilen ýurdumyzda ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök we
bakja önümleriniň möçberi hem çalt depginde artýar. Şol bir wagtyň özünde
olaryň eksporty hem ýokarlanýar. Ýyladyşhanada ýetişdirilen banan, ýertudana ýaly
miweler, mäş, dary ýaly däneler we beýleki oba hojalyk önümleri eksport
edilýär. Daşary ýurtlara iberilýän azyk önümleriniň hatarynda dürli görnüşli
şokoladlary, konditer önümlerini, gazlandyrylan alkogolsyz we gazsyz alkogolsyz
içgileri, miwe şerbetlerini, gaplamalary, süýt, et we şöhlat önümlerini
görkezmek bolar. Olaryň aglabasy türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilip,
daşary ýurtly işewürler tarapyndan uly isleg bildirilýän önümler bolup
durýarlar.
Ýurdumyzyň
eksportynda gurluşyk harytlarynyň hem mynasyp orny bar. Hususan-da, armatur,
aýna önümleri, sement, mebel, izogam, kalikum, gipsden edilen asma potoloklar
we profil ulgamlary ýaly gurluşyk harytlary Türkmenistan tarapyndan sebitiň
döwletlerine ugradylýar. Täze döredilýän önümçilikleriň netijesinde gurluşyk
harytlarynyň möçberini artdyrmaga hem uly mümkinçilik açylýar.
Eziz Diýarymyzda
geçirilýän sanly özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda döwrebap
tehnologiýalary öndürýän önümçilikler hem üstünlikli iş alyp barýarlar. Olara
mysal edip, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetini, «Agzybirlik tilsimaty»
bilelikdäki kärhanasyny bellemek bolar. Bu kärhanalar häzirki wagtda ykjam
telefonlary, noutbuklary we iş kompýuterlerini, telewizorlary, dükanlar üçin
kassa we beýleki birnäçe elektron enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýarlar.
Olaryň öndürýän önümleri içerki bazardaky islegleri kanagatlandyrmak üçin
ulanylýar hem-de daşary ýurtlara-da eksport edilýär. Türkmen öndürijileri
tarapyndan taýýarlanylýan elektron enjamlarynyň ýokary hile eýedigi bolsa, olaryň
sebit bazarynda hem öz ornuny tapmagyna ýardam edýär. Ýokarda agzalanlardan
başga-da, guradylan buýan köküniň ekstrakty, akkumulýatorlar ýaly beýleki
harytlar hem daşarky bazarlara ugradylýar. Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň
artmagy bilen baglylykda, türkmen harytlarynyň eksport geografiýasy we
köpdürlüligi dowamly ýagdaýda çygryny giňeldýär.
Türkmenistan dünýä
döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary alyp
barýar. Ýurdumyzdaky abadançylyk, işewürlige berilýän goldaw we ygtybarly
hyzmatdaş hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýy daşary ýurt maýa
goýujylarynyň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda gurluşygy amala aşyrylýan
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry hem şeýle üns çekiji taslamalaryň biridir.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasyna
laýyklykda gurulmagy, onuň ikinji tapgyrynda, esasan, senagat zolagynyň we
dürli önümçilikleriň göz öňünde tutulmagy oňa has köp maýa goýumlaryň
çekilmegine şert döredýär. Geljekde uly megapolise öwrülmegi nazarda tutulýan
Arkadag şäheriniň maýa goýumlary üstünlikli özleşdirmek üçin örän amatly
taslamadygy daşary ýurtly bilermenler tarapyndan hem ykrar edilýär. Bir söz
bilen aýdylanda, bu şäher diňe bir ýaşamak üçin däl, eýsem, işewürlik durmuşy
üçin hem amatly şertleri hödürleýän mekandyr.
Goý, türkmen telekeçilerine ähli şertleri döredip, Türkmenistanda öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksport etmek, Watanymyzyň halkara abraýyny öňküden-de beýgeltmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Çeşme: «Esger» gazeti https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/186256
19.03.2025