Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

SÖWDA WE HYZMATLAR ULGAMY: DÖWREBAP ÇÖZGÜTLER

03.05.2025
313
Card image cap

30-njy aprelde — «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň ikinji gününde hem paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasy köp adamly boldy. Forumyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan halkara maslahata, işewürlik duşuşyklaryna, geňeşmelere hem-de sergi-ýarmarka ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleri bilen birlikde, bilermenler, täze işewürlik başlangyçlaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar. Bu halkara forum tematik aýratynlygy boýunça ozalkylardan tapawutlanyp, täze hyzmatdaşlaryň hem onlarçasyny bir meýdançada duşurdy. Halkara maslahata hem-de sergi-ýarmarka gatnaşyp, söwda pudagynyň ýerli we halkara ugurlary bilen tanşanyňda, täzeçil, geljegi uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görmek bolýar. Şunda türkmen bazarynyň häzirki zaman meýilleri, öňdebaryjy tejribeler, netijeli işler esasynda özgerýändiginiň, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylýandygynyň gözli şaýady bolýarsyň.

Şu gezekki forum, bir söz bilen aýdylanda, türkmen we daşary ýurt bazarlarynyň arasynda täze köprüleri gurmagy maksat edinýär. Eýýäm foruma taýýarlyk görülýän döwürde oňa dünýäniň iň öňdebaryjy elektron söwda edaralarynyň, halkara hil ölçeglerini sertifikatlaşdyryş guramalarynyň we maliýe düzümleriniň gatnaşýandygyny eşidenlerinde, ildeşlerimizde oňa gidip görmäge uly gyzyklanma döredi. Hususan-da, onlaýn söwda platformalarynyň häzirki ösüş meýillerini öwrenmek, özleşdirmek, oňa gatnaşmak ýaly möhüm işler türkmen telekeçileriniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň türkmen harytlaryny elektron söwda arkaly dünýä bazarlaryna çykarmagyň çeýe ulgamyny döretmek bilen bagly tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleriň netijeli çözgüdi bolup durýar.

Forumyň geçişi barada aýdylanda, ony birnäçe ugur boýunça häsiýetlendirmek bolar. Ilki bilen, sergi-ýarmarkanyň işine daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşýandygyny we olaryň türkmen kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik alýandygyny bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, türkmen önümlerine, aýratyn-da, ýerli çig mala isleg bildirýän kompaniýalar köp. Gözden geçirilişde halkara hil üpjünçilik edaralaryna uly ähmiýet berilýär. Olar dünýä bazarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, senagat kuwwatlylygyny artdyrmaga ýardam edýän çözgütleri hödürleýärler. Bu bolsa halkara söwdanyň aýrylmaz bölegidir. Ýene bir ugur, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, elektron söwdadyr. Muňa aýratyn ähmiýet bermegimiziň sebäbi-de forumyň geçirilmeginiň esasy maksatlarynyň biriniň bu ugra gönükdirilendigi bilen baglydyr. Bu günki günde internet dükanlarydyr iri marketpleýsler söwdanyň çeýe hem işjeň ulgamyny emele getirdi. Halkara maslahat bolsa şu aýdanlarymyzy amala aşyrmakda, täze strategik meýilnamalary işläp düzmekde, sarp edijileriň isleglerini öwrenmekde, türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýän kompaniýalary çekmekde wajyp pikir-garaýyşlaryň meýdançasyna öwrüldi. Çykyşlarda Türkmenistanyň ýakyn geljekde innowasiýalaryň iň täze gazananlaryny, şol sanda 5G, emeli aň, data merkezleri ýaly tehnologiýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigi barada aýdyldy. Bu özgertmeler işewürlik-döwlet hyzmatdaşlygynyň (B2G) netijeli nusgasyny emele getirer.

Häzir milli senagatymyzyň ösüşini telekeçilerimiziň öndürýän önümleriniň görnüşiniň artýandygynyň mysalynda görmek bolýar. Dünýäniň dürli künjeginden türkmen önümlerine yzygiderli gyzyklanma bildirilýär. Ozal import edilýän harytlaryň galabasy indi ýurdumyzda öndürilýär, eksportyň mukdary artýar. Birža söwdalarynda günsaýyn ýokary netijeler gazanylýar. Şu ugurdaky gatnaşyklar sergä gatnaşýan özbegistanly telekeçi, «ARHAT INKS» kompaniýasynyň satuw bölüminiň ýolbaşçysy Zoir Ziýaýew bilen söhbetdeşligimiziň esasy mowzugy boldy.

— 20 ýyl bäri işläp gelýän kompaniýamyz türkmen bazaryna öňdenem uly gyzyklanma bildirýärdi. Emma sebitiň beýleki döwletlerinde ammarlarymyzy açyp, soňra türkmen telekeçileri bilen işleşmegi meýilleşdirýärdik. Ine, ýakynda bolsa «Ýedidogan Nur» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaş bolup, suw we spirt esasly fleksografik boýaglarymyzy türkmen bazaryna paýlap başladyk. Türkmenistan halkara söwda işi babatda iň bir durnukly, howpsuz ýurt. Bu ýerde söwda soňky ýyllarda ep-esli ösdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň gurulmagy, iki ýurtda hem önümlerimiziň we hyzmatlarymyzyň sergisiniň geçirilmegi täze ugurlary açýar. Bizi begendirýän zat iki dostlukly döwletiň Hökümetleriniň özara söwdany ösdürmek meýilleridir. Şu günki sergi-ýarmarka munuň aýdyň mysaly — diýip, özbegistanly hünärmen gürrüň berýär. Hakykatdan-da, halkara söwdanyň ilkinji tapgyry bolan sebit bazaryna möhüm orun degişli. Bu ýurdumyzyň söwda ulgamyny ösdürmek bilen bagly maksatnamalarynda esasy ugurlaryň biridir.

Sergi-ýarmarkanyň pawilýonlary bilen tanyşýanlaryň köp bölegi kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan telekeçiler, işewürligiň dürli ugurlaryny öwrenýän ýaşlar, haly we dokma önümlerimizi, milli lybaslarymyzy ýörite synlamaga gelen gelin-gyzlar. Ýeri gelende bellesek, gözden geçirilişde dokma önümlerine, milli senetçiligiň gymmatlyklaryna hem uly orun berilýär. Sergi zalynyň bir burçunda ýerleşdirilen reňkdar lybaslardyr halylar bu ýere gelenleriň ünsüni biygtyýar özüne çekýär. Bu ýerde türkmen zenanlarynyň zehininden, on barmagynyň hünärinden dörän el halylarynyň dürli görnüşleri, haly önümleri tanyşdyrylýar. Halkymyzyň kalbyndan dörän bu sungat eserleriniň hyrydarlarynyň örän kändigini pawilýonyň köp adamlydygyndan hem bilmek bolýar. Pawilýonda türkmen halylary baradaky maglumatlary özünde jemleýän kitapça ýerleşdirilip, onda dünýäniň meşhur adamlarynyň türkmen halysy ýazylan öýleriniň suratlary ýerleşdirilen. Dünýäniň başga hiç bir ýerinden tapdyrmaýan bu önümler dünýä bazarynda iň gymmatly, hyrydarly harytlaryň hatarynda durýar.

Halkara forumyň ikinji gününde geçirilen «Azyk senagatynyň innowasion önümçiligi we iň gowy önümi» atly bäsleşik önümlere baha bermekde örän ähmiýetli boldy. Ol iň köp isleg bildirilýän önümleri kesgitlemekde, sarp edijileriň islegini öwrenmekde, berýän teswirlerini diňlemekde netijelidir. Ol önümçiligiň kemçiliklerini bilmek üçinem täsirli bolup, innowasion, awtomatlaşdyrylan önümçilikleriň artmagyna, ekologik talaplara doly kybap gelýän önümleriň öndürilmegine itergi berýär. Jemgyýetçilik talaplary bilen baglanyşykly bu usullar sergileriň netijeli geçirilmegine hem ýardam edýär. Bäsleşik bilen ugurdaşlykda bu günde harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmagyň talaplaryna hem-de ISO, HACCP ýaly halkara hil ülňülerine üns bermek bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda işewürlik geňeşmeleri geçirildi. Olarda türkmen telekeçileri üçin dünýä bazaryna çykmagyň mümkinçilikleri, şu günki ýagdaýlar, gatnaşyklar, ähmiýetli ugurlar barada pikir alşyldy.

Giň gerimli gözden geçirilişde ussatlyk sapaklaryna-da giň orun berilýär. Olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri işewürligi ilerletmäge ýardam edýän täsirli usullar barada çykyş edýärler. Ussatlyk sapaklarynda «Argus Media Limited», «eBay» hem-de «Messe Frankfurt» ýaly iri, dünýäde giň sarp edijiler we hyzmatdaşlar tory bolan kompaniýalaryň bilermen-hünärmenleri işewürlige degişli dürli mowzuklarda tejribelerini paýlaşýarlar. Şol sanda nebitgaz senagaty, elektron söwda, sergi işi, organiki sertifikatlaşdyrma, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar çykyşlaryň esasyny düzýär. Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde logistika, durnukly ösüşiň ýörelgeleriniň işewürlige ýetirýän täsiri, halkara onlaýn söwda platformasynda B2C we B2B satuwlarynyň täsirli strategiýalary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Agzalan ugurlarda Türkmenistanyň örän uly mümkinçilikleri bardyr.

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna şeýle iri forumlaryň geçirilip, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze ösüş basgançaklaryna çykarylmagy, olaryň iş tejribesiniň çuňňur öwrenilmegi Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýörelgelerinden ugur alyp, sebit hem-de dünýä bazarlaryna çykmakda bäsdeşlige ukyply senagat infrastrukturasyny, halkara söwdanyň işjeň ulgamyny döretmekde şu günüň iň möhüm wezipeleridir. Iri söwda we hyzmatlar forumynyň şular ýaly köpugurly esasda guralmagy türkmen işewürliginiň geljekki ädimlerini kesgitleýär. Türkmenistanda täze döwrebap önümçilikleriň döremegine giň ýol açýar. Munuň üçin bolsa döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler üpjün edilýär.

Annaguly IŞANGULYÝEW.

«Türkmenistan».

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti. 01.05.2025


Bulary hem okaň