Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de hormatly
Prezidentimiziň goldawlary esasynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 17 ýyl bäri ýurdumyzyň işewürlerini
birleşdirýän iri düzüm hökmünde berkarar Watanymyzyň ösüşlerine, halkymyzyň
eşretli durmuşyna gönükdirilen özgertmelere goşant goşup gelýär.
Hususyýetçileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde, telekeçilik taryh üçin gysga
döwürde ýurdumyzda önüm bolçulygyny üpjün edýän ulgama öwrüldi. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly
harytlar amatly bahalary hem-de ýokary hili bilen içerki bazarda we daşary
ýurtlarda uly islegden peýdalanýar.
Döwlet tarapyndan telekeçiligiň
ösdürilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, bu ugurda kanunçylyk
özgertmeleriniň amala aşyrylmagy, toplumlaýyn maksatnamalaryň kabul edilmegi netijesinde
hususy pudagyň gerimi barha giňeýär. Soňky 10 ýylda hususy pudagyň wekilleriniň
sanynyň 3 esse köpelendigi, 17 ýylyň içinde birleşmäniň agzalary tarapyndan
öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüş depgininiň 160 esse, senagat
önümleriniň öndürilişiniň 92 esse, ilata edilýän hyzmatlaryň ösüşiniň 49 esse
artmagy ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiligiň bedew bady bilen
ösýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda telekeçilige goldaw bermek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek,
hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly
ulgamlaryny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça amala aşyrylýan çäreler
milli ykdysadyýetiň ösüşinde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň hem-de
ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. «Türkmenistany 2025-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda,
kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň
paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksat edinilýär.
Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň 17-nji martynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17
ýyllygy mynasybetli geçirilen giň gerimli sergi türkmen işewürleriniň gazanan
üstünliklerini, ýeten sepgitlerini aýdyň görkezip, hususy pudagyň geljekki
gözýetimlerine nazar aýlamaga mümkinçilik berdi. Bu gün telekeçiler oba
hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk, agrosenagat pudaklarynda, gurluşykda we
gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde, söwda we hyzmatlar ulgamynda,
ulag-logistika pudagynda guwandyryjy üstünlikleri gazanýar. Hususyýetçiler
öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmäge, häzirki zaman enjamlary önümçilige
ornaşdyrmaga, halkara standartlara kybap gelýän önümleriň täze görnüşlerini
öndürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň esasynda importyň ornuny tutýan hem-de
eksport ugurly harytlaryň önümçiligi yzygiderli artýar.
Ykdysadyýetiň islendik
pudagynda bolşy ýaly, telekeçiligiň ösüşi hem maýa goýum işjeňligi bilen berk
baglanyşyklydyr. Maýa goýumlar — ykdysady ösüşe itergi berýän esasy şertleriň
biri. Şol sebäpden-de, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan
durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär.
Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion
tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini
ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürler
we maýadarlar üçin özüne çekijiligi artdyrmak hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan
ugurlaryna degişlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
tarapyndan guralan serginiň çäklerinde 18-nji martda geçirilen «Türkmenistanyň
geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň
maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, daşary ýurt kompaniýalary
bilen tejribe alyşmak, döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Dürli ýurtlardan 100-den gowrak
wekiliýeti jemlän forumyň dowamynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ýeten
sepgitleri, telekeçileriň milli ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna goşýan
goşandy, hususy önüm öndürijileri goldamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet
syýasaty giňişleýin tanyşdyryldy.
Halkara forumyň umumy mejlisi
«Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösüşleri: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler»
diýen mowzuga bagyşlanyp, onda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek,
kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy
bölegiň paýyny artdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünde durlup geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, maýa
goýumlar babatda ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň türkmen bazarynyň
özüne çekijiligini üpjün edýändigini bellemek gerek. Telekeçiler tarapyndan
karz serişdeleriniň, çekilen maýa goýumlaryň hasabyna dürli pudaklarda degişli
desgalar yzygiderli gurulýar, täze zawod-fabrikler işe girizilýär. Döwrebap
kärhanalarda öndürilýän önümleriň hasabyna içerki bazar dürli görnüşli önümler
bilen üpjün edilip, olaryň eksporta iberilýän möçberleri-de artýar.
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň
wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň,
Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň kompaniýalarynyň
arasynda çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol
çekilmegi, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilip, özara bähbitli gatnaşyklary
ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlaryň kesgitlenilmegi «Türkmenistanyň
geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň netijeli häsiýetde geçendigini
tassyklaýar. Bir söz bilen aýdylanda, bu gezekki halkara maýa goýum forumy
köpugurly gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açmakda, Türkmenistanyň dünýäniň
ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen
işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga täzeçe itergi berjek möhüm meýdança öwrüldi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň hem-de
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň üstünlikli
geçirilmegini hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän
ýylynyň belent maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm ädimleriň biri hökmünde
häsiýetlendirip bolar. Ýeri gelende bellesek, hemişelik Bitaraplygymyzyň öňe
sürýän gymmatlyklary halkara hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda,
telekeçiligiň we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini hem göz öňünde tutýar.
Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy martda paýtagtymyzda geçirilen
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara
ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda eden çykyşyndaky:
«Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş
bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir» diýen sözlerinde hem
aýdyň şöhlelenýär.
Eziz Watanymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar günleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary rowaç bolsun!
Setdar SETDAROW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.
Çeşme: «Watan» gazeti 24 Mart 2025