Täze
taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň
tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary durnukly ösüşe eýe bolýar.
Şunda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlary, sergi-ýarmarkalar guralyp,
ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, senagat, maýa goýum mümkinçilikleri, olardan
netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimi giňden açylyp
görkezilýär. Şu jähetden, 29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda paýtagtymyzdaky
Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň
hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly
halkara maslahatyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
ÝOKARY
HIL WE BÄSDEŞLIK
Döwlet
Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Halkara bazarlarda
özara bähbitli, açyk, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport
mümkinçiligini artdyrmagyň, sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň möhüm şerti
hökmünde harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hil standartlaryna laýyk gelmegine
uly üns berilýär» diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, üç günläp dowam
eden forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara
hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança
boldy.
Sergi-ýarmarka
we halkara maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen bir
hatarda, daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan, şol sanda Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Şweýsariýadan,
Şwesiýadan, Ysraýyldan, Azerbaýjandan, Latwiýadan, Malaýziýadan, Oman
Soltanlygyndan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Birleşen Arap
Emirliklerinden, Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Gazagystandan,
Germaniýadan, Niderlandlardan, Italiýadan, Özbegistandan, Täjigistandan,
Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Müsürden, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan,
Hindistandan wekiller gatnaşdylar. Umuman, sergide ýurdumyzyň we daşary
ýurtlaryň kompaniýalarynyň 140-dan gowragy hem-de halkara düzümler öz işleridir
hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
YKDYSADY
DURNUKLYLYGYŇ BINÝADY
Sergi-ýarmarka
köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, bu ýerde ISO, «Halal», ESG, GMP,
«GLOBALG.A.P» ýaly halkara sertifikatlaşdyryş düzümleriniň iş aýratynlyklary
hakynda-da gürrüň berildi. Şu gezekki forum hususy düzümleriň öndürýän
önümlerini we hödürleýän hyzmatlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmek, önümçilige halkara hil standartlarynyň
ornaşdyrylmagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretdi.
Sergi-ýarmarka daşary ýurtlaryň kompaniýalary we ilçihanalar hem işjeň
gatnaşyp, türkmen bazaryna hödürleýän harytlarydyr hyzmatlary bilen
tanyşdyrdylar.
Halkara
forum dürli çärelere baý maksatnamasy bilen tapawutlanyp, onuň çäklerinde
eksporty ösdürmek, sanly marketing we sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler
boýunça halkara hünärmenleriň maslahat beriş hyzmatlary hödürlenildi. Şeýle hem
sergä gatnaşyjylaryň arasynda milli önümlere we hyzmatlara hil, meşhurlyk taýdan
baha bermek bäsleşigi geçirildi. Mundan başga-da, aşpezlik, gül bilen bezemek
sungaty ýaly ugurlarda hünärmenleriň ussatlyk çykyşlary guraldy.
HALKARA
HYZMATDAŞLYK ― TÄZE GÖZÝETIMLER
Sergi-ýarmarka
bilen ugurdaşlykda, Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda
«Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara
maslahat hem geçirildi. Şunda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen
kärhanalary döretmek, bar bolanlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, önümleri
halkara hil ölçeglerine laýyk sertifikatlaşdyrmak, eksport işini ösdürmek ýaly
ugurlarda özara pikir alyşmalar forumyň esasy gün tertibini düzdi.
Maslahatyň
ýörite bölümçesinde oba hojalygynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça
«GLOBALG.A.P.» ülňüleriniň ähmiýeti hem-de olaryň Türkmenistanda we Merkezi
Aziýada ornaşdyrylyşy, organiki şahadatnamalaryň görnüşleri barada pikir
alyşmalar boldy. Forumyň çäklerinde geçirilen «Ýangyç-energetika pudagynda
sertifikatlaşdyryş», «Azyk senagaty», «Dokma we ýeňil senagat», «Maglumat
tehnologiýalary we startaplar üçin ülňüler», «Merkezi Aziýa sebitinde söwda,
ülňüler, sertifikatlaşdyryş we akkreditasiýa meseleleri» atly bölümçelerde
gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bar bolan mümkinçilikler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde,
şu gezekki forum milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda,
diwersifikasiýalaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda, döwletimiziň
dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagynda, şeýle hem ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Atamyrat
ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Çeşme: «Nesil» gazeti. 03.05.2025