Bazar ykdysadyýetiniň ýiti
bäsdeşlik şertlerinde önümler we hyzmatlar bilen müşderilere tanyşdyrmakda,
olaryň aýratynlyklaryny düşündirip, ykdysady ösüşi ilerletmekde halkara
sergilerine möhüm orun degişlidir. Adaty mahabatlar sarp edijiler, halk
köpçüligi üçin niýetlenen bolsa, sergilerdir ýarmarkalar, esasan, işewürler
üçin peýdalydyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde
sergileriň işine uly ähmiýet berilýär.
Sergilerdir ýarmarkalar önümleri
we hyzmatlary bazarda ýerlemäge giň mümkinçilikleri açýar. Telekeçiler we
işewürler şeýle çärelere öz kärdeşleriniň, hyzmatdaşlarynyň alyp barýan işleri,
ýeten derejeleri, gazanan tejribeleri bilen içgin tanyşmak, şeýle hem degişli
bazaryň ösüş ugurlaryny öwrenmek maksady bilen gatnaşýarlar. Şeýle çärelerde
harytlary we hyzmatlary hödürleýjiler müşderiler bilen ýüzbe-ýüz bolup, olaryň
isleglerini öwrenýärler. Sarp edijiler bolsa hünärmenler bilen duşuşyp,
harytlaryň we hyzmatlaryň artykmaç ýa-da kemçilikli taraplaryny öwrenmäge
mümkinçilik alýarlar.
Sarp edijileriň islegini öwrenmek
harydy ýa-da hyzmaty kämilleşdirmekde, oňa täzeçillikleri girizmekde hökmany
göz öňünde tutulmaly şertleri kesgitlemäge kömek edýär. Şeýle hem halkara
sergi-ýarmarkalary degişli ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmäge, daşary ýurtly
işewürleriň iş usullary, marketing gurallary bilen tanyşmaga mümkinçilik
berýär. Sergi-ýarmarkalar täze önümleriň we hyzmatlaryň netijeliligini barlamak
üçin hem oňaýly meýdançadyr. Adatça, islendik önüm ýa-da hyzmat haýsydyr bir
kärhananyň hünärmenleriniň garaýşy esasynda işlenip taýýarlanylýar. Diňe bir
içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtly bilermenleriň hem täze önümi ýa-da
hyzmaty synagdan geçirmegi kemçilikleri has tiz ýüze çykarmaga, oňa täzeçe göz
bilen garamaga ýardam berýär. Sergilerdir ýarmarkalar önümçiligiň we
hyzmatlaryň ösüş ugurlaryny görmäge, halkara bazarlara çykmaga, şol bir ugurda
iş alyp barýan kärhanalar üçin bäsdeşleriniň önümleriniň we hyzmatlarynyň
hiline baha bermäge, nyrhlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda halkara sergiler
bilen utgaşykly geçirilýän maslahatlar hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
möhüm guraly hasaplanýar. Çünki sergi-ýarmarkalara diňe bir işewürler däl-de,
dünýä belli kompaniýalaryň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary we
bilermenleri gatnaşýar. Gözden geçirilişler bilen utgaşykly guralýan
maslahatlar bazaryň öňdebaryjylarynyň tejribeleri, ylmy-gözlegleriň
netijelerine esaslanýan täzeçil çemeleşmeleri bilen tanyşmaga kömek edýär.
Maslahatlar hem edil sergiler ýaly, täze müşderileri we ygtybarly hyzmatdaşlary
tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň giňişligidir.
Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän
halkara sergiler we maslahatlar hem ykdysady ösüşi ilerletmekde diýseň
ähmiýetlidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilýän halkara sergileriň görnüşleriniň
artýandygy we her bir forumyň giň gerimi bilen tapawutlanýandygy begendirýär.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň
halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Bitarap Watanymyzda sergi işini
ösdürmek halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň hem möhüm ugry hasaplanýar. Şunuň
bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Parižde geçirilen Halkara
sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 173-nji mejlisiniň dowamynda
Türkmenistanyň ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllar üçin bu guramanyň Dolandyryş
we býujet boýunça komitetiniň düzüminiň agzalygyna saýlanandygyny bellemek
gerek. Şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde Halkara sergiler býurosynyň
Baş sekretarynyň gatnaşmagynda degişli komitetiň nobatdaky mejlisiniň
geçirilmegi hem bu ugurda möhüm waka öwrüldi.
Elbetde, 29-njy aprel — 1-nji maý
aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda nobatdaky iri wekilçilikli forumlaryň
guralmagy bu babatdaky tejribeleri artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly
sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil
üpjünçiligi» atly halkara maslahata ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de
ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň,
guramalaryň köp sanly wekilleri gatnaşýar. Bu çäreler döwlet düzümlerine hem-de
telekeçilere önümleriň we hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň iň möhüm
meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, daşary ýurtly işewürler bilen
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, işewürligi ösdürmäge ýardam etjek
meýdança öwrüler. «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil
üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylar öňdebaryjy dünýä tejribesi
bilen tanyşmaga, önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň usullaryny
ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar. Munuň özi önümleridir hyzmatlary
halkara bazarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. Bu çärelere onlarça
döwletden köp sanly işewür düzümleriň gatnaşmaga isleg bildirmegi
Türkmenistanyň ykdysadyýetine gyzyklanmanyň ýokarydygyny tassyklaýar.
Sergi işiniň ösdürilmegi
ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady, medeni, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň
möhüm ugry bolup durýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, şeýle hem hususy telekeçiler dürli
ýurtlarda geçirilýän sergilere, forumlara işjeň gatnaşýar. Ýakyn ýyllarda bolsa
ýurdumyzyň iň iri halkara sergilere gatnaşmagy bilen birlikde, olary
Türkmenistanda geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Elbetde, munuň özi
hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda
gülläp ösýän ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişlikdäki ornunyň barha
pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.
Baýrammyrat AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher
komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Çeşme: «Watan» gazeti
29.04.2025