Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we
Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Gahryman
Arkadagymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline geldi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň
arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň resmi wekili Milli
Liderimiziň saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň
ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki saparyň däp bolan dostlukly döwletara
dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady.
Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan
Milli Liderimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli
Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat
garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde belent mertebeli
myhmany Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Howa
menzilinde Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň
Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy. Agzalan
howa menzilleri ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşýan döwrebap
desgalardyr. Fizuli howa menzili 2021-nji ýylda, Laçyn howa menzili 2022-nji
ýylda, Zangilan howa menzili bolsa 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Howa
menzilleriniň üçüsinde hem ýolagçylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan
döwrebap terminallar, beýleki ugurdaş desgalar bar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli
tagallalary netijesinde Türkmenistanda hem howa ulagy pudagynda halkara
ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda
döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri guruldy. Şolaryň
hatarynda sagatda 1 müň 600-e golaý ýolagçy geçirijilik kuwwaty bolan Aşgabat
Halkara howa menzilini, şeýle-de Türkmenabat, Kerki we Balkanabat Halkara howa
menzillerini görkezmek bolar. Milli awiasiýa parkynyň üsti “Boeing”, “Airbus”
kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli
awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň,
ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge şertleri döredýär. Paýtagtymyzyň
Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny
halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik
berýär.
...Howa
menzili bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew
bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary
boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan
gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Häzirki
wagtda Fizuli şäherinde döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň, saglygy goraýyş we
bilim edaralarynyň, infrastruktura desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Içerki awtomobil ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Tanyşlygyň
dowamynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow
Fizuli şäherindäki gurluşyk işleri babatda öz gymmatly maslahatlaryny berdi.
Prezident Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarynyň ähmiýetini
belledi. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite
wekili gymmatly maslahatlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Ýeri
gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk
Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň
mysallarynyň biridir. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy
topragynda gurlan bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly,
maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher
taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Täze şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri
şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly
utgaşýar.
...Şuşa
şäheriniň golaýyndaky Daşalty düzlüginde Gahryman Arkadagymyz we dostlukly
ýurduň döwlet Baştutany bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Daşaltynyň
we onuň töwerekleriniň tebigaty köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerler
gezelenç etmek, dynç almak, tebigat gözelliklerini synlamak üçin amatly
künjekler hasaplanýar. Deňiz derejesinden 1 müň 368 metr belentlikde ýerleşýän
Şuşa şäheri Azerbaýjanyň medeni paýtagtydyr. XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň
başlarynda Şuşa Kawkazyň sazçylyk merkezine öwrülýär. Gözel tebigaty, arassa
howasy üçin ol şypahana şäheri-de hasaplanýar. Şäheriň taryhy merkezinde gadymy
binalar, çeşmeler, metjitler, kerwensaraýlar, aramgähler, medreselerdir galalar
bar.
Şuşa
şäherine gelenlerinden soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew
şäherde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler.
Häzirki
wagtda Şuşa şäheriniň baş meýilnamasynyň çäklerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň
gurluşygy alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň maýynda ilkinji, 2025-nji ýylyň maýynda
bolsa ikinji ýaşaýyş toplumy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda-da olaryň
gurluşyklary dowam edýär.
Türkmenistanda
hem iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlaryň
gönükdirilýändigini nygtamak gerek. Diýarymyzda täze, döwrebap şäherler,
şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik
kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ilatyň ýokary durmuş
derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy üçin
amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa
geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan
wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap obalar gurlup
ulanmaga berilýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary paýtagtymyzda şähergurluşyk
maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň netijesidir. Ýaşaýjylary
döwrebap, elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bu maksatnamanyň esasy
ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýaşaýyş jaý
goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp
gatly ýaşaýyş jaýlary däl, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün
edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa ýaşaýjylara şahsy
isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga mümkinçilik berýär.
Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady. Täze metjidiň
düýbi 2021-nji ýylda tutulypdyr. Onuň taslamasy italýan kompaniýasy we
azerbaýjan arhitektorlary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Metjidiň daşky
bezeginde Şuşa şäherindäki gadymy metjitleriň bezeginde duş gelýän geometrik
nagyşlar agdyklyk eder.
Soňky
ýyllarda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem häzirki zaman
binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän metjitler gurlup ulanmaga berilýär.
Metjitleriň binalar toplumynyň çäginde sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary
berjaý etmek üçin ugurdaş binalar gurulýar. Türkmençilikde “Allanyň öýi”
hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen
baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Arkadag şäherinde hem täze
metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
Metjidiň
gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň
Prezidenti Geýdar Aliýew baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar. Merkeziň
binasy milli derejedäki binagärlik ýadygärlikleriniň sanawyna girýär. Sergide
Azerbaýjanyň umumymilli Lideriniň ýurduň durmuş, ykdysady, syýasy, medeni
ösüşinde bitiren hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar,
wideofilmler görkezilýär. Geýdar Aliýew Şuşa şäheriniň ösdürilmegine hem uly
ähmiýet beripdir we bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçiripdir.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Şuşa
galasyna bardylar.
Döwlet
ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň
üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez
bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde,
suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Şuşa Kawkazyň taryhyny we medeniýetini
öwrenmek isleýän taryhçy alymlary, syýahatçylary özüne çekýär. Iki doganlyk
ýurduň taryhyna nazar aýlanyňda, umumylygyň köpdügini görmek bolýar. Türkmen we
azerbaýjan halklary ençeme asyrlaryň dowamynda özboluşly baý medeniýeti
döredipdirler. Türkmenistanda hem halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny
öwrenmek, ony aýawly saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala
aşyrylýar.
Gahryman
Arkadagymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik
surata düşdüler.
Soňra
Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Azerbaýjanyň meşhur opera
aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine bardylar.
Bu
ýerde meşhur artistiň çagalyk ýyllary geçipdir. Muzeýde azerbaýjan wokal
sungatynyň düýbüni tutujy, professor Bülbüliň çagalyk döwründäki we maşgala
fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy, pedagogik,
jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Bülbüliň ogly, Azerbaýjanyň
we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary
muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň halklarynyň
dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde,
iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem
joşgunly zehinini, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini
göz öňünde tutup, Polat Bülbül ogluna “Türkmenistanyň halk artisti” diýen
hormatly at dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täsirli we gyzykly
maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, medeni mirasy aýawly saklamakda, geljek
nesillere ýetirmekde şeýle muzeýleriň möhüm ähmiýetini belledi. Öz nobatynda,
Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherinde ýerleşýän
Göwher Aga metjidine geldiler. Şäheriň taryhy künjeginde ýerleşýän ýokarky
Göwher Aga metjidi Azerbaýjanyň meşhur binagärlik we medeni ýadygärlikleriniň
biridir. Ol ybadat ýeri bolmak bilen birlikde, Şuşa şäheriniň medeni merkezi
hem bolupdyr. Metjitde türkmen we azerbaýjan halklarynyň hemişe parahat, abadan
durmuşda ýaşamaklary üçin doga-dilegler edildi.
Metjit
bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti bilelikde Mehmandarowlaryň öý-muzeýine bardylar. Mehmandarowlaryň
öýi köşk görnüşli ýaşaýyş toplumy bolup, Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň
özboluşly nusgalarynyň biridir. Toplum daşdan örülen haýat bilen gurşalypdyr.
Metjit howlynyň gyrasynda bina edilipdir, girelgesi bolsa hem köçä, hem howla
bakypdyr. Şoňa görä-de, metjidiň gapylary jemagat üçin hemişe açyk bolupdyr.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti
Jydyr düzüne bardylar.
Jydyr
düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur
künjekleriniň biri bolupdyr. Geçmişde bu ýerde at çapyşyklary geçirilipdir.
Çapyşyklara tomaşa etmek üçin Jydyr düzüne Azerbaýjanyň dürli künjeklerinden,
daşary ýurtlardan bedewleriň muşdaklary jemlenipdir. Mundan başga-da, bu ýerde
Nowruz baýramy we beýleki halk baýramçylyklary geçirilipdir.
Bu
ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrüldi.
Ýeri
gelende bellesek, türkmen halky hem müňýyllyklaryň dowamynda edermen ýigitleriň
ýoldaşy bolan bedewlere aýratyn sarpa goýup gelýär. Behişdi bedewleriň muşdagy
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda täze taryhy döwürde ahalteke
bedewleri okgunly ösýän Türkmenistanyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi — biziň
buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”
atly eserlerini ýelden ýyndam behişdi bedewlere bagyşlady. Bu kitaplar daşary
ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilip, giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi
hem-de Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylyk
sungatyny ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Zähmetsöýer
seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz
tohumyň arassalygyny saklamak we ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak
babatda giň gerimli işleri amala aşyrýarlar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at
üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda
däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Toparyň agzalary dünýäniň
dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp
boldular.
...Jydyr
düzünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa
belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly
bedew sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady
mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew atşynaslar bilen
bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Hormatly
Arkadagymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän
gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de
azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
Azerbaýjan
Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza
ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini dostlukly ýurduň resmi
adamlary ugratdylar.
Gahryman
Arkadagymyzyň uçary biraz wagtdan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip
gondy.
Şeýlelikde,
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary we
onuň dowamynda geçirilen gepleşikler iki ýurduň hem däp bolan dostlukly
döwletara gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki doganlyk halkyň
abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi.
tdh.gov