Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri
düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, wirtual aktiwleriň
dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler
hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda umumy
düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual
aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň
emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny
üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul
edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň
ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň
höweslendirilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly
ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan
düzgünleşdirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we wise-premýere «Wirtual
aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet
korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýurdumyzyň günbatar we gündogar sebitlerinde kuwwatly tehnikalaryň,
seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen nebitiň
hem-de tebigy gazyň gorlaryny gözlemek işleri geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmegi uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmaga
ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemek boýunça
gözleg-barlag işlerini ýokary hilli, netijeli ýerine ýetirmäge uly üns
berilýändigini, nebitiň we tebigy gazyň ýerasty gorlarynyň yzygiderli ýüze
çykarylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod
serişdeleriniň gözlegine gönükdirilen işleri geljekde-de netijeli dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla
oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny
çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragy möwsümine ähli ugurlar boýunça
taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän
möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek
maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile hasylyny ýygnamak
işleri-de dowam edýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini
tygşytly peýdalanmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak babatda zerur
çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek işleriniň hemişe
üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň
gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işlerini dowam etdirmegiň, galla oragy
möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hormatly Prezidentimiziň degişli
Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda “Turkmentextile Expo
— 2025” atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarka dokma
senagaty kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş
alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň
lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary,
häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek
meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler
bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy
tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli dokma
önümleriniň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny, hereket edýän dokma
senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlarynyň
ornaşdyrylmagynyň işi ýokary netijeli alyp barmaga şert döredýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda
geçiriljek «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy
goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri we sport
ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň
arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary
welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu
ýylyň 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza —
dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalynyň, 6-njy iýunda Pekin
şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş
dabarasy mynasybetli çäreleriň, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda
Medeniýet hepdeligi mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik
şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül
goýmak dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 29-njy iýunda bolsa Arkadag
şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen
bagly iýun aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Çagalary goramagyň halkara güni,
Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar
güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk
görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda
paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde
tutulýandygy barada aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun
aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri,
sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri
geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi dabaraly
belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda
bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň
wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň
18-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda
Eýran Yslam Respublikasy hem bar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu
ýylyň 19-20-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherine iş saparyny
amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisi
geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri girizildi hem-de
degişli çözgütler kabul edildi. Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň,
hususan-da, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň
çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde
ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda
döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara
alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen
böleginiň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly çärelere seredildi. Şunuň bilen
baglylykda, degişli meseleleriň birnäçesi, şol sanda türkmen elektrik
energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meselesi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Mejlisiň
barşynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk, uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag
— Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere-de
üns berildi. Şunuň bilen
birlikde, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak
bilen bagly meselelere garaldy. Olar boýunça degişli ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle-de söwda we işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meselelerine
seredildi. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da
işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak
maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada
ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek
barada giňişleýin maslahatlaşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki
sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, beýleki çäreleriň geçirilmegi, bu ugurda
“Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagy hem-de Türkmen-eýran işewürlik geňeşiniň
döredilmegi netijeli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder. Mundan başga-da, mejlisiň
gün tertibine suw hojalygy ulgamynda, hususan-da, suw serişdelerini rejeli
peýdalanmak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler girizildi.
Däp
bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak
meselesine hem üns berildi. Şunda özara Medeniýet günlerini geçirmek, medeniýet
we sungat sergilerini, festiwallary guramak, bilim we ylym, saglygy goraýyş,
sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy, ÝUNESKO-nyň çäklerinde
gatnaşyklary ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri
boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň goňşy ýurda iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Beýik ruhy lideri
Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk boldy. Onda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji
dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Duşuşykda
türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary boýunça alnyp barylýan
bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Goňşy döwletiň Baştutany
eýran tarapynyň meýilleşdirilen çäreleri, taslamalary, bu ulgamlarda ozal
gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Wekiliýetiň
saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran
hökümetara toparynyň eýran böleginiň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol
we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, energetika ministri
Abbas Aliabadi, nebit ministri Mohsen Paknežad, daşary işler ministri Seýed
Abbas Aragçi bilen duşuşyklar geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn
hyzmatdaşlyk edýän goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Iki
ýurduň arasynda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun
degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler
ministrine Eýran Yslam Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmek,
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew milli raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ulag
ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda
raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, iň täze enjamlar bilen
üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda
ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini
işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda,
agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu ugurda alnyp
barylýan işleri has-da ilerletmek bilen bagly degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap
şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün
etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Halkara howa menzillerinde uçuş barlaglaryny ýerine ýetirmek
bilen bagly teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
ýüzlenip, 25-nji maýda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň gününiň, Türkmen halysynyň
baýramynyň, «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabatda
ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi,
paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň
geçirilmegi-de indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Asyrlaryň
dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan türkmen halylarynda
halkymyzyň şöhratly taryhy, pähim-parasady jemlenendir. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we
haly önümleriniň sergisiniň, maslahatyň geçirilmeginiň halkymyzyň halyçylyk
sungatyny dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz
geljekde-de gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmäge, halyçylyk sungatyny
kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy.
Pursatdan
peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we
mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy,
uçurymlary «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem
hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy şanly seneler mynasybetli tüýs
ýürekden gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov.