Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işleri barada
maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 12-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji
maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek
we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen
bagly kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen birlikde, jenaýat we
jenaýat iş ýörediş kadalaryny döwrebaplaşdyrmak, kazyýetde raýat iş ýörediş
düzgünleri amala aşyrylanda, arbitraž, zähmet, maşgala, salgyt bilen
baglanyşykly işlere garalanda adalgalaryň ulanylyşynyň birkysmy sazlaşygyny
emele getirmek, şeýle hem ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil
ulagy, migrasiýa boýunça kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça
kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şeýle-de maslahatda Türkmenistanda Adam hukuklary
boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň aprel aýynda Arkadag
şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça
ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, çärä gurama agza ýurtlaryň döwlet
edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň
esasy maksady YHG-nyň sebitinde durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür
üçin Gün tertibini amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr.
Çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna
garalar, şeýle hem gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin
hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde
tutulýar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy
bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Arkadag şäherinde
guraljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler
derejesindäki birinji forumyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik
desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda alnyp barylýar. Munuň
özi senagat-önümçilik desgalarynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da
kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen
işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, hususan-da, zawodlar toplumynyň önümçiligi
üçin suwuň zerur bolan möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny
ösdürmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik
desgalaryny we ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklibi makullady
hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk
tehnikalaryny hem-de gurallary netijeli ulanmak, ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça
degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek
gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler dowam
edýär. Mundan başga-da, hasabatyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna
bagyşlanan dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda dowam edýän gowaça ekişini bellenen
möhletlerde geçirmegiň, munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň
wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy, galla oragy möwsümini
guramaçylykly geçirmäge, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary
derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji
maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly
sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil
üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli
hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt
kompaniýalarynyň, guramalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde
halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing,
sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň,
işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara maslahata
gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba
alnyp, häzirki wagtda-da gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam
edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda
ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de
«Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara
maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň
Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde
geçiriler. Bu ýerde arap kalligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň,
kitaplaryň hem-de milli tagamlaryň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini
açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen
alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Medeniýet
günleriniň çäklerinde myhmanlaryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh
toplumyna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Şekillendiriş sungaty
muzeýine hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet
günlerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol, ilki bilen,
döwlet Baştutanymyzy dünýäniň iň iri ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Sukuba
uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli
gözegçilik edýän toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Wise-premýer
hasabatyny dowam edip, häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň Himiýa
institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we
tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasy” esasynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
bilelikde ylmyň gazananlary, täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologik taýdan
arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion
tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny
belledi. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy usullardyr döwrebap tehnologiýalar
önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün
etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek we
kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli
şertleriň döredilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere
Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara
toparyň mejlisini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Ýaponiýanyň Osaka we Tokio
şäherlerine amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Bellenilişi
ýaly, saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri
Sigeru Isiba, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar
geçirildi. Ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-sine gol çekildi, Bilelikdäki
metbugat beýanaty kabul edildi. Şeýle hem geçen ýylyň 9-njy awgustynda Astana
şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen
“Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama alşyldy. Bularyň ählisi türkmen-ýapon
gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
eder. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde
Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu ählumumy
gözden geçirilişde ýurdumyzyň öz Milli gününi ilkinji bolup geçirendigi
bellärliklidir. Onuň çäklerinde halkymyzyň taryhy we baý medeni mirasy,
ýurdumyzyň häzirki ösüşleri giňden açylyp görkezildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýa
saparynyň üstünlikli geçmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap,
döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine
alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
«Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyny» netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda abraýly
halkara guramalar we dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikde degişli işler
alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, sergi işiniň ösdürilmegi ýurdumyzyň dünýäniň
ykdysady, medeni, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugry bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň
25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi
işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça
degişli çäreler görülýär. Konsepsiýanyň çäklerinde Halkara sergiler býurosy
bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Milli
meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bu resminama bellenen
tertipde amala aşyrylýar.
2023-nji
ýylyň 28-nji noýabrynda Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň
173-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllar
üçin bu guramanyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň düzümine agzalyga
saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde
Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda degişli komitetiň
nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ýokarda
beýan edilenleriň esasynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler,
şol sanda geljek ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Halkara sergiler býurosy bilen
bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini
geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we bu babatda deslapky taýýarlyk işlerini
geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle-de agzalan sergini Türkmenistanda
geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen
baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip
edilýär.
Ýurdumyzyň
halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki
Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün
etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň
taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda
2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama
şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green
EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda
Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz
hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä
ýöriteleşdirilen sergileri bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin
sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky
okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025
— 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara
sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, Bütindünýä «EKSPO»
sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Bu iri halkara sergiler dünýä
döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary
işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we
döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige
ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Döwlet
maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan pudagara elektron maglumat alyşmak
ulgamyny döretmek we işe girizmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa maglumatlara elýeterliligi üpjün
etmäge, ýurdumyzda elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri
döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti yzygiderli
ösdürmek, ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny, bu ugurda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden
ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu babatdaky işleri
netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov