2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda
alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde
gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki
önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime,
gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9
göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň
boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň
möçberi 9,6 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik
görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw
haryt dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim,
çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne
görä, 11,2 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek
pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy. Şeýle hem
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen
üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň
ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça degişli çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýet, maliýe we
bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň
meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel
ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň
meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim
berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün
edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň
meýilnamasy 104,8 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli
işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli
artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli
peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny
burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça
önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2
göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 147,7
göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet
konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi
boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1
göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime, Maldarçylyk we
guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary”
döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk
pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim
ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen
agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp
barylýar.
Ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri
bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary
bilen üpjün etmek çäreleri hem guramaçylykly dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini
gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki
kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak,
suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9
göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama
112,8 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan
öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 120,5 göterim, Energetika
ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de işleriň meýilnamasy 104,4
göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça
127,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 109,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň
meýilnamasy 108,1 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da
artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, önümçilige täze, döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik
kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegiň
wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime, öndürilen önümleriň
ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça
önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 142,9 göterime, nah
matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 104,3 göterime,
gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi
boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat
döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip,
olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,1
göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba
hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime, senagat
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň
bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki zerur
harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamak, dokma kärhanalarynda
öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur
işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň
işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almak zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2025-nji
ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy,
şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli dürli
çäreler, aýdym-sazly çykyşlar geçirildi. Yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlyk babatda-da dürli
çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik
Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden beýan edildi. Şeýle hem kitaphanalar,
muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de
rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han
adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy
mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk
görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara
medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli
ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek
işlerini dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen üç aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri
terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Şu ýylyň
birinji çärýeginde mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders hem-de
internet bäsleşiklerinde jemi 55 medala mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde,
“Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly
maslahat, dersler boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Şu ýylyň birinji
çärýeginde ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmek,
alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak bilen bagly işler guramaçylykly
alnyp baryldy. “Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologiýa abadançylygyny
gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara ylmy-amaly maslahat
geçirildi.
Ýanwar — mart aýlarynda bejeriş-öňüni alyş
edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly
lukmançylyga ornaşdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy. Gaznanyň hasabyna saglygy dikeldilen çagalara,
olaryň hossarlaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar dabaraly
gowşuryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türgenleri
Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam
etdirildi. Milli ýygyndy toparlaryň türgenleri medallaryň birnäçesini gazandylar.
Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat hem-de dabaraly çäreler
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda
netijeli işleri alyp barmagyň, ýokary hem-de orta mekdepleriň işinde sanly
ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Mekdep
okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri we olimpiadalary
geçirmegi dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmek, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin degişli
işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş saparynyň
üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde
Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji
sammit geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, maýa
goýum gatnaşyklary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, “ýaşyl”
ykdysadyýeti, ulag we sanly arabaglanyşygy ösdürmek, bilim hem-de beýleki
durmuş ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary berkitmek bilen bagly meselelere
seredildi. Şunda sammitiň gün tertibiniň şu ýylyň 27-nji martynda Aşgabat
şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary
syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynda işlenip taýýarlanandygy
bellenildi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa
Bileleşigi bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Sammitiň
netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň
Hökümetleriniň we Ýewropa Komissiýasynyň arasynda örän wajyp çig mallar
ulgamynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
4-nji aprelde «Merkezi Aziýa ählumumy howa
meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara
forumyň geçirilendigi aýdyldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň
häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasy, Pariž ylalaşygy we ekologiýa, daşky gurşawy goramakda
beýleki halkara resminamalar babatda alyp barýan işleri barada beýannama bilen
çykyş etdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri
R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek,
döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly
halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli
ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna
sapary amala aşyrandygy bellenildi. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Mart
aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy.
Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň
Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran
saparlary netijeli özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine
öwrüldi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 178-si geçirildi.
Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen
resmi gepleşiklerdir duşuşyklar geçirildi. Şu güne çenli halkara resminamalaryň
31-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn
gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda
geňeşmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek
boýunça hem netijeli çäreler görülýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik
gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň
biri bolup, bu babatda-da degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen
daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we
halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda
gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji
çärýeginde awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük
daşamagyň meýilnamasy 104,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,4
göterim ýerine ýetirildi.
Geçen üç aýda “Türkmendemirýollary” agentligi
boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,1 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,4 göterime, “Türkmenhowaýollary”
agentligi boýunça 126,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça
125,5 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 122 göterime deň boldy.
Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli
ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak üçin degişli
işleri alyp barmagyň, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny
ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli
işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň üç aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe
6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat,
durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň
dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de
ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde
saklamagyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden
bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden
ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn
ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz
mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov