Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun
çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, raýatlaryň
hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini we kanunçylygy
pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly
kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Halkara guramalar, daşary
ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça netijeli işler
durmuşa geçirilýär. Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň
degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatyna we duşuşygyna
gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet
syýasatynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň sebit we halkara derejede parahatçylygy, ynanyşmagy,
netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň
many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň 8 — 10-njy apreli
aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite
maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
duşuşygyň dowamynda BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly
Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal
alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn
bermek, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň
taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny
çuňlaşdyrmak we beýleki meseleler barada özara pikir alyşmak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de
wise-premýere Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite
maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gowy
taýýarlyk görmegi we oňa işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk
etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň şu
ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen
tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”,
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty”
ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen
hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini, şol sanda Rumyniýa bilen dostlukly
gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş
toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine guramaçylykly
girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek
üçin degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaý oragyna görülýän taýýarlygyň
çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary
möwsüme taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg
işleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini
gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak babatda degişli işler
alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile
öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpek gurçugynyň tohumlaryny, olaryň
idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli pugtalandyrmagyň, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we bu babatda
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Wise-premýer
hasabatyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba
hojalyk pudagyndaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan degişli
resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da
artdyrmak, şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda
2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, sarp edijileriň
elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika
kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy
bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi
tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji
ulgamlarynda, transformator beketlerinde meýilnama esasynda abatlaýyş we
durkuny täzelemek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we
ygtybarly üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de
elektrik ulgamlarynda abatlaýyş işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, döwlet
elektrik stansiýalarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagyny üpjün etmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad
şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2027-nji
ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä
Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp
barylýar. Wise-premýer “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” diýen
şygar astynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri
barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen
netijeli hyzmatdaşlyk edip, «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serbiýa Respublikasynyň
Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi
bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk
güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik
duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň
jemleri jemleniler. Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine,
Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany
Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini
guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen
baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek
üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň
milli baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi
we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda
bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp
barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we
sporty wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýörişler, dürli
bedenterbiýe-sport çäreleri geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň
welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda
dürli maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, medeni çäreleri,
umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň
talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda
sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we dabaraly sport çärelerini
geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn
durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde
möhüm ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda
bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan
bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýewropa Bileleşigi we oňa
agza döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara
dialog, bilelikdäki komitet, adam hukuklary boýunça dialog yzygiderli esasda
hereket edýär.
«Merkezi
Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlyk hem toplumlaýyn häsiýete
eýedir. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki
Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly utgaşykly maslahat geçirildi. Mundan başga-da,
duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa
Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Samarkantda
geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum,
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň
gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly
ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň
geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini, şol sanda Ýewropa Bileleşigi
bilen ýola goýlan gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ilerletmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Özbegistan
Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň işgärleri üçin has oňaýly
iş şertlerini döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň
demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň
ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwrebap demir ýol ulagy pudagynyň
mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, munuň üçin demir ýol menzilleriniň
häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi hem-de Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň
durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
ýüzlenip, ýurdumyzda 30-njy martda Oraza baýramynyň bellenilip geçiljekdigini
aýtdy hem-de Oraza baýramyny bellemek we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji
marta — duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi. Mejlisde döwlet
durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov