Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň
ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni
mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça
işler durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we
sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi
hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen
baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Mejlisde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Milli parlamentiň deputatlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatyna hem-de duşuşygyna gatnaşdylar. Deputatlar döwlet syýasatynyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, täze kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda netijeli işleri geçirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dürli
pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, degişli kadalaşdyryjy
hukuk binýadyny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toplumlaýyn özgertmeler amala
aşyrylýar. Şunda esasy wezipeleriň biri, döwrüň talaplaryna laýyklykda,
durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň
ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň ýanyndaky Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmek,
raýatlara hödürlenilýän ugurdaş sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin geçirilýän
işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bu işde sanly
hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, onuň mümkinçiliginden doly peýdalanmaga
aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda
kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça
Mejlis bilen bilelikde degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew obasenagat toplumynda işleriň alnyp barlyşy hem-de
ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça
ekişi dowam edýär, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri alnyp
barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak
boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul
ediş kärhanalary, elewatorlar, awtoulag serişdeleri möwsüme taýýarlanylýar.
Ilaty ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady
bilen, ýazlyk ekinleri ekmek hem-de olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmen
bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede
guramak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli
zerur şertleri döretmegiň, ekişi öz wagtynda tamamlamagyň, gögeriş alnan
meýdanlarda ideg işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de
wise-premýere ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek we olara ideg
etmek boýunça işleriň guramaçylykly dowam etdirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy
meýilleşdirilýän täze bilim edaralary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda
ýaşlaryň sazlaşykly ösmekleri üçin netijeli işler alnyp barylýar, bilim we ylym
ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga
gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”
bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak hem-de ýaş nesilleriň döwrebap
bilim-terbiýe almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720
orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn
işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda ýokarda agzalan bilim edaralaryny
gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar
üçin Konsepsiýasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda halkara
sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda
Söwda-senagat edarasynda guraljak “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” atly
halkara sergi-ýarmarka görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň
we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar
üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary,
elektron harytlary hödürleniler. Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp
barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk
sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna»
laýyklykda, ýurdumyzda sergi-ýarmarka işini ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu halkara
sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, geljek aýda baýramçylyklar
we şanly seneler mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky
söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri,
wagyz-nesihat çärelerini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň
jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we
welaýatlarda dabaralar geçiriler. 16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza
döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek
göz öňünde tutulýar.
Şu
ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň
birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde
halkara maslahat, ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda
we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp
surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar. 17-nji maýda
Aşgabadyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň
hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz
öňünde tutulýar.
18-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda
durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty,
baýramçylyk konsertini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň
güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk
çäreleri guralar.
24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi, 26-njy maýda Türkmen
halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly
önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň
bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler. Mundan başga-da, geljek aýda
paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş
jaýlary, medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalar ulanmaga berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly
seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden
beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.
Ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmek, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralary, maý aýynda boljak beýleki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň”
dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Däp bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynda hem uçurymlara iň süýji arzuwlar edilip, uly durmuş
ýoluna ak pata berler. 25-nji maýda säher bilen Garaşsyzlyk binasyna,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw
mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta
mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralary geçiriler.
Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak
dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Soňra ähli orta mekdeplerde 2023-2024-nji
okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
şygary astynda “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de
kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň
adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Şol gün ýurdumyzyň bagtyýar uçurymlarynyň
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş
merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriniň guralmagy
meýilleşdirilýär. 25-nji maýda agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň
konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ylym-bilim ulgamyny
kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda
«Soňky jaň» dabarasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli
meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek
nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň
ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň
gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli
işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa
paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň jemleri
boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz
öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Bitarap döwletimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň
gerimde alyp barýandygyny belledi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy
hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak
bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk
görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza
ýüzlenip, 28-nji aprelde Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden
bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň durmuşynda behişdi
bedewlerimiz aýratyn orun eýeleýär. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen
halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz köňül buýsanjymyzdyr. Biz
ýurdumyzda atçylygy dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda geljekde hem ähli
şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylary
hem-de ähli watandaşlarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov