Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy
üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk
tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby
gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli
harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky
harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini
dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän
çäreler hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe
goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ähmiýetini belledi. Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bu
doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi serkerdeleriň hünär
derejesine, hukuk taýdan sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, sanly
ulgamy özleşdirmek endiklerine gönüden-göni baglydyr.
Döwlet
Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň
harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň
kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýaragly
Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasynyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine berk
gözegçilik etmek barada-da görkezme berildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we
welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň
jemleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine
ýetirişine gözegçiligi amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň
bilen birlikde, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny
durmuşa geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ileri
tutulmagyny üpjün etmekde we hukuk bozulmalarynyň islendik görnüşiniň öňüni
almakda bu düzüme möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
hukuk tertibini üpjün etmek, milli kanunçylygyň düzgünlerini berjaý etmek
boýunça mundan beýläk-de anyk çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna sanly ulgamy işjeň
ornaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk
edýän düzümleriniň 2024-nji ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk
bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini
kämilleşdirmek, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek boýunça görlen anyk çäreler
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň ähli
düzümleriniň işini mundan beýläk-de döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň
zerurdygyna ünsi çekdi. Tomus möwsüminiň ýetip gelýändigi bilen baglylykda,
ýangyna garşy göreş kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleri güýçlendirmek
tabşyryldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwrebap
tehniki serişdeleri we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny
giňden ulanmagyň wajypdygyny belläp, ministre degişli görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hormatly
Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilişi, hasabat döwründe
kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, sanly ulgamy we öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, kanunylygyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny
nygtady. Şunuň bilen birlikde, netijeli kazyýet işi üçin ähli şertleri
döretmegiň, şunda kazylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
meselesine uly üns bermegiň wajypdygy bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň
üstünlikli ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip,
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň
başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiziň kanunylygy we
hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň
hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri barada-da aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki
jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk
ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu ugurda sazlaşykly işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň
mukaddes serhetlerini goramak boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi. Serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk etmekleri, ýaşaýyş-durmuşy
üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bagly meseleler barada hem aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä
ýurtlary, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli,
netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde Serhet goşunlarynyň ornuny belledi.
Gullugyň üstüne ýüklenilen wezipeleri çözmekde şu ýörelgelerden ugur almak,
dost-doganlygyň serhetleri bolup durýan Watanymyzyň guryýer we deňiz
serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmek
zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna
garamagyndaky düzümleýin desgalary döwrebaplaşdyrmak, işgärler kuwwatyny
berkitmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hukuk
namalarynyň birnäçesini täzelemek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ugrunda
görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Täze kanunlar öňde goýlan
maksatlara ýetmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda oňyn özgertmeleri amala
aşyrmak bilen bagly wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň wajypdygyny
belledi. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan
täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen utgaşdyrylýar. Ilatyň hukuk taýdan
sowatlylygyny üpjün etmek, raýatlara ýokary hilli hukuk kömegini bermek
ministrligiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady we bu ugurdaky işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şu ýylyň
ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça
yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
düzümiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, milli bähbitleri
goramak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler
gümrük işini kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin
döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, pudagara maglumatlaryň
alşylmagyny ýola goýmagyň wajypdygyny aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň
başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugy ösdürmegiň
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we döwrebap
usullary ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan migrasiýa syýasatynyň Esasy
Kanunda bellenen ýörelgeler, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary
esasynda amala aşyrylýandygyny belledi. Bu ugurda döwrebap tehnologiýalary,
maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna öňdebaryjy tejribäni öwrenmek,
ýaş hünärmenleri taýýarlamak işini talabalaýyk guramak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň
goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça
çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam
etdiriljekdigini tassyklady.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov