Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň
üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz
öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýylyň başyndan bäri
alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň
goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça
geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän
harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň
barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny pugtalandyrmak,
Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary
gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi
çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň
guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, kadalaşdyryjy
hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem sanly ulgamy giňden ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň
hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini
pugtalandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýdyp, Baş
prokurora kanunlaryň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini netijeli dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji
çärýeginde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag
hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek
boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem
ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda hasabat
döwründe açylyp ulanmaga berlen desgalar barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, polisiýanyň podpolkownigi W.Ataýewi içeri işler
ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä polisiýanyň
podpolkownigi Ö.Kakalyýewi bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatlaryň hukuklarynyň we
azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitleriniň goralmagyny, ýol
hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly
meselelere berk gözegçilik edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda
belledi we ministre anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda
ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça görlen çäreler,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralary tarapyndan kanunylygy,
adalatlylygy, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kazyýet
önümçilik işlerini netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de Ýokary
kazyýetiň ýolbaşçysyna milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek,
ulgamyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Milli
howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli
bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek
boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, ýolbaşçylyk edýän edarasyny
ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk
ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy
edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň
ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen
işler, Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň barşy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dost-doganlygyň serhedi bolup durýan döwlet
serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup
durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek,
serhet goşunlaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli
tabşyryklary berdi.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak
babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň
möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli
seljermek, milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýerine
ýetirilýän işleriň ähmiýetini belläp, ministre bu babatda degişli görkezmeleri
berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen
işleriň jemleri hem-de işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde,
gullugy ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere we ulag
serişdelerine hereket edýän halkara kadalara, milli kanunçylygyň düzgünlerine
laýyklykda gümrük gözegçiligini ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, gümrük
nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň birinji çärýeginde ýolbaşçylyk
edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine
ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işine
döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamak, migrasiýa ulgamynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi
amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň
zerurdygyna ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine
eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça
yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de
dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň
ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov