Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini
geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda
ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly
ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp
barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini
ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala
aşyrylan işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby
doktrinasynyň ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini
nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de döwrebap
tehnikalar bilen üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň, onuň garamagyndaky
düzümleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda
terbiýelemäge aýratyn ähmiýet bermegiň, Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek
boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Baş
prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror
gözegçiligini amala aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän
düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen şu ýylyň
geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunda sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada-da aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine,
hukuk namalarynyň kanunylygyna yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmak,
ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn
howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça şu
ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli
düzümleri döwrebap enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli
işler amala aşyrylýar, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Şeýle hem hasabat döwründe
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga
berlendigi barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini ýokary
derejede üpjün etmek, jenaýatçylygyň, beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny
üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik
etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin içeri işler
edaralaryna sanly ulgamy we işiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň,
öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň
wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň
durmuşa geçirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda»
Permana gol çekip, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli
gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy düzgün bozulmalary ýüze çykarmaga, olary döredýän sebäpleri we
şertleri aradan aýyrmaga, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini, kazyýet ulgamyny
we kazyýet önümçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri netijeli
dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler,
Watanymyzda parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün
etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini
nygtady we birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly
goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri
watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly
gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny
ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek
bilen bagly meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet
Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe
görkezmeleri berdi.
Adalat
ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk
edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň
taýýarlanylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň
öňde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
daşary ýurtlaryň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we kanun
taslamalaryny taýýarlamak, taslamalara hukuk taýdan netijenama bermek boýunça
alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, edara-kärhanalarda, raýatlaryň
arasynda kanunçylygy düşündirmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirmek
barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze
tehnikalar bilen üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak,
gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri
amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Döwlet gümrük
gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nazara almak
bilen, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite
okuwlary yzygiderli guramagyň wajypdygyny nygtady. Ylmy-tehniki ösüşiň
öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmak döwletimiziň serhedinden geçirilýän
harytlaryň we ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün edýär diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük
gözegçiligini alyp barmagy, bu düzümiň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek
işini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda
işgärleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän
işleriň çäklerinde döwrebap desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Şeýle hem
migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda
guramagyň işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap
edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda
migrasiýa ýagdaýlaryna ygtybarly gözegçilik etmek, raýatlara migrasiýa babatda
ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan
goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Şunda bu
ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov