Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk
goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak
arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin
talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby
gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe
goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan
wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet
Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on bir
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý
edilmegine gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça kanunçylyk hukuk
namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň
pugtalandyrylmagynyň bu edaranyň işiniň esasy ugrudygyny belledi. Şunda sanly
ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi prokuratura
edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň
talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda hormatly
Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
degişli resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň
ýanwar — noýabr aýlarynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol howpsuzlygy
düzgünleriniň, ýangyna garşy göreş düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek
boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
birlikde, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, jenaýatçylyga we beýleki hukuk bozulmalaryna
garşy göreşmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap
tehnologiýalary ulanmagyň we gyş möwsüminiň gelendigi üçin ýangyn
howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi esasy
wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu
ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini
işjeň ulanmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň
işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk
berjaý edilmegi üçin döwrebap usullary we innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmagyň
zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan meýilnamalar barada
aýtmak bilen, Ýokary kazyýetiň başlygyna kazyýet işgärleriniň hünär bilimini
artdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek,
ministrligiň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet Baştutanymyzyň ozal
beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ministrligiň harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň hem-de
bu ugurda döwrebap tejribelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk
ministrine öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň
gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler, gözegçilik edýän düzümlerini döwrebap
tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň
hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat
berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goňşy
döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamakda serhet goşunlaryna möhüm
ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna döwlet
serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, serhetçileriň gulluk we
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň
geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar —
noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ilata hukuk kömegini
bermek babatda görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny seljermegiň hem-de olaryň milli
kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk
getirilmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny
belledi. Edara-kärhanalarda, ilat arasynda hukuk medeniýetiniň
ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri guramak, kabul edilýän kanunlaryň
maksatlaryny we ähmiýetini düşündirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda
kesgitlenildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa
geçirmek, gullugyň işini döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň on bir
aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň noýabrynda
türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak
boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat barada hasabat berildi.
Onda Merkezi Aziýada degişli ählumumy başlangyjyň jemi jemlenildi. Habar
berlişi ýaly, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ulgamda
gazanan üstünlikleri bellenildi hem-de Jemleýji resminama kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň degişli kanunçylygyň
kadalaryny berjaý etmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny
belledi. Gullugyň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde
ýokary hünär derejesini we jogapkärçiligi görkezmelidiklerini nygtap, hormatly
Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça
goşulyşan halkara ylalaşyklarynyň borçnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby
howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň
goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça
yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar
durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov