Düýn “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki
birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda
bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Iki
goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Hormatly
Prezidentimiz taryhy Samarkant şäherinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen
duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi»
sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we meýilleşdirilen ähli
çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli
kabul edilendigi, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy biziň hakyky dostumyz we
ýakyn goňşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen dürli ulgamlarda netijeli
hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özbek
kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza Samarkanda gelmäge hem-de “Merkezi Aziýa
— Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ýokary derejeli birinji duşuşyga gatnaşmaga
çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize mähirli
salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şunda döwletara dialogyň
netijeli häsiýete eýedigini belledi.
Duşuşygyň
dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary
derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol
sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa
senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen
nygtadylar.
Ulag
we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga,
Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek
babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has
netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam
bildirildi. Şeýle hem soňky döwürde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky
gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi.
Mümkinçilikden
peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara dialogy
ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk
bildirdi.
Duşuşygyň
ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan
türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna
we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet
işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk,
rowaçlyk arzuw etdiler.
tdh.gov