2024-nji ýylyň 12-nji
ýanwarynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy»
atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.
Bu çärä
«Täjigistan-Türkmenistan» dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistanda kowçum
bolup ýaşaýan türkmenler we talyplar gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň
«Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň
dowamynda, onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň
diňe ösüp gelýän ýaşlar üçin ýankitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary
üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada nygtaldy.
Duşuşykda 2024-nji
ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň
dowamynda milli hem-de halkara derejesinde akyldar şahyra bagyşlanan çäreleriň
geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini belläp, onuň tutuş dünýä
medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtadylar.
mfa.gov