2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda,
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly
diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Onda beýik akyldar
şahyryň umumadamzat ähmiýetli döredijiligi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň
halkara derejesinde dabaraly belleniljekdigi we çärelere ýurdumyzda alnyp
barylýan taýýarlyk işleri barada belläp geçdiler
Şeýle hem, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň
tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitabyň ýaş nesilleri watansöýüji,
ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete
eýedigini we Döwlet baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan
ýaşlara ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi barada nygtap
geçdiler.
Ýokarda agzalan çärelere Azerbaýjanyň milli
Ylymlar akademiýasynyň hem-de bu Akademiýanyň Nizami Genjewi adyndaky edebiýat
institutynyň professor-alymlary, magtymgulyşynaslar we Azerbaýjanda bilim alýan
türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabaraly çäre Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky
“Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada Azerbaýjanda surata
düşürilen “Hakyň guly - Magtymguly” atly dokumental filmi görkezilmegi bilen
tamamlandy.
mfa.gov