Hormatly halkara
foruma gatnaşyjylar!
Eziz adamlar!
Sizi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň
bahar paslynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmek boýunça Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýän
halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu
halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin
Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýärin. Forumyň maýa goýumlary
çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeň gatnaşyklary
ösdürmäge itergi berjekdigine ynanýaryn.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň
ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum
syýasatyny alyp barmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak maksady bilen, biz giň gerimli döwlet maksatnamalaryny, ýurt we
sebit maksatly iri taslamalary durmuşa geçirýäris. «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden
çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda hukuk
binýady halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly maýa
goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler göz öňünde tutulýar. Abraýly halkara
maliýe guramalary hem-de banklar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýetiň
öňdebaryjy pudaklary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa,
ulag-aragatnaşyk pudaklaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi
nazarlaýan taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalary halkara maýadarlar
we hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär.
Energetika döwleti bolan Türkmenistan
ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzda
alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, bu pudaga uly möçberde maýa
goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi geologiýa-gözleg, buraw işleriniň
netijeliliginiň ýokarlanmagyna, nebitiň we gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna
mümkinçilik döredýär. Munuň özi gaýtadan işleýän senagatyň hem sazlaşykly
ösüşini üpjün edýär. Diýarymyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak
maksady bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de gury ýerde özara
bähbitli şertlerde birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen Önümi paýlaşmak
hakynda ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar we geljekde bu
işleriň depginini güýçlendirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda
galýar.
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmek,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň hem-de
energiýa geçirijileriniň gurluşygyny netijeli dowam etdirmek häzirki wagtda
öňde goýlan möhüm wezipelerdir. Bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi
ýangyç-energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, sebitde
energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ösen senagat pudagy
kemala gelýär. Öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige
ukyplylygyny artdyrmak, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak
bilen birlikde, bu işlerde ekologik howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek hem
esasy şertleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň dowamynda oňa gatnaşýanlar
uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, gaz geçirijileriň eksport mümkinçilikleri,
tebigy gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa pudagyna maýa goýumlary çekmegiň
ileri tutulýan ugurlary barada tejribe alşarlar diýip pikir edýärin. Gurluşyk,
ulag, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, senagat önümçiligi, oba hojalygy,
dokma we azyk önümleriniň eksporty, metanyň hem-de kömürturşy gazynyň
zyňyndylaryny azaltmak, «ýaşyl» energetika ýaly möhüm ugurlar boýunça olaryň
degişli teklipleri hödürlejekdigine ynanýaryn.
Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde
geçirilýän halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri
arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov