Düýn Balkan welaýatynda iş
saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara
maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, adam
hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik, gümrük meseleleri bilen
baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler
barada habar berdi.
Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk,
hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda giň gerimli işleriň
alnyp barylýandygy aýdyldy. Hususan-da, häzirki wagtda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat”
atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak parlamentara foruma
taýýarlyk görülýär. Şunda bu forumyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä
jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn
tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp
barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Forumyň many-mazmunyny
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen,
Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi. Şeýle hem deputatlar Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde
parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini,
kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça
geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş
arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” atly BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda 2025-nji
ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara
maslahatlary, duşuşyklary, döwlet çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça
toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu forumy ýokary
derejede geçirmek hem-de myhmanlary garşylamak bilen baglanyşykly meseleler
barada aýdyldy. Şeýle-de wise-premýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli myhmanhanalary we kottejler
toplumyny tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak babatda durmuşa geçirilýän
çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
wise-premýere Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça ykdysadyýet,
maliýe we bank toplumy tarapyndan hem gowy taýýarlyk görmegi, bu halkara çäräni
geçirmek bilen bagly maliýe soraglaryna aýratyn üns bermegi, Awazadaky
ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk
işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow ýangyç-energetika toplumy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň
garamagyndaky ýörite gurnama dolandyryş edarasy tarapyndan halkara maslahatyň
esasy we ugurdaş çäreleriniň geçiriljek ýeri bolan “Awaza” sport toplumynda
gurluşyk, abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda,
çäreleriň çäklerinde myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin
syýahatçylyk zolagyndaky nebitgaz toplumyna degişli myhmanhanalarda, kottejler
toplumynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Awaza»
sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş, abadanlaşdyrmak işleriniň alnyp
barylýandygyny, bu işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nebitgaz
toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy hem tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara maslahaty ýokary
derejede geçirmek maksady bilen, oba hojalyk pudagy tarapyndan ýurdumyzyň
ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bag nahallaryna,
gök zolaklarda ideg işleri geçirilýär.
Şeýle-de wise-premýer Balkan
welaýatynda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatyň
gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý,
ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile
öndürmek möwsüminiň çäklerinde welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek
gurçuklaryna ideg edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça oba
hojalyk pudagy tarapyndan hem degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň zerurdygyny
nygtady. Bu ýerde ähli ekilen bag nahallaryna ideg etmek işlerine gözegçilik
etmek, oba hojalyk toplumyna degişli myhmanhanalarda, binalarda we desgalarda
taýýarlyk işlerini alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow halkara maslahata görülýän
taýýarlyk, 2025-nji ýylda Balkan welaýatynda gurlup ulanmaga beriljek binalarda
we desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan degişli işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynyň ýol-ulag düzümlerinde abadanlaşdyryş, ýol belgilerini,
yşyklandyryjylary täzelemek işleri dowam edýär. Topluma degişli myhmanhanalarda
myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen
zerur çäreler görülýär.
Wise-premýer
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli
desgalarynda, Esenguly etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr
bolan agyz suwuny arassalaýjy desgada gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlarda
alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Garabogazköl aýlagynyň
üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we oňa eltýän ýoluň, “Altyn asyr” Türkmen
kölüniň golaýynda döwrebap obanyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Häzirki
wagtda Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly elektrik
stansiýasynda gurluşyk işleri tamamlandy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara
çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynyň hem gowy
taýýarlyk görmelidigini belledi. Türkmenbaşy şäherinde, Awaza etrabynda,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil ýollarynyň ugrunda oturdylan ýol
belgilerini, ýol yşyklaryny, ýol hereketini sazlaýjy yşyklary, gorag
germewlerini, asfalt örtügini abatlamak işlerine gözegçilik etmek zerurdyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere gurluşyk-senagat toplumyna
degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumynyň düzümleri
tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma
senagaty ministrligi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara
maslahata gatnaşyjylar üçin ýokary hilli hyzmatlary guramak bilen bagly degişli
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Myhmanhanalardaky dükanlary dürli görnüşli
sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmek, ähli söwda nokatlarynda harytlaryň
bolçulygyny döretmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de tomusky dynç alyş
möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde topluma degişli myhmanhanalaryň,
kottejler toplumlarynyň daş-töweregindäki gök zolaklarda, baglarda
abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede
geçirmek üçin söwda toplumynyň hem gowy taýýarlyk görmelidigini belläp, wise-premýere
halkara foruma gatnaşyjylara hem-de myhmanlara hödürlenilýän iýmit we söwda
hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegi, söwda toplumyna degişli
myhmanhanalarda, desgalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bilen bagly beýleki ugurdaş çäreleri
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça degişli
guramaçylyk işleri geçirilýär. Esasy çäreleriň geçiriljek ýerlerinde dürli
sergileri, beýleki medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem
wise-premýer Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen
“Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny, 2 — 7-nji
iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly
halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek
halkara maslahaty we onuň bilen bagly ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde giňden beýan etmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň
wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz metbugat
wekillerine işlemek üçin gowy şertleri döretmegi, maslahatyň geçýän döwründe
meýilleşdirilen medeni çärelere-de gowy taýýarlyk görmegi, medeniýet toplumyna
degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamy
tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara foruma gatnaşyjylary myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda
garşy almak we çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam bermek maksady bilen,
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini bilýän talyplardan
meýletinçiler taýýarlanylýar. Maslahat döwründe esasy çäräniň geçirilýän
binasynda lukmançylyk bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
birlikde, Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini, şypahanalary tomus
möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Çagalaryň tomusky
dynç alyş möwsüminde merkezlerde dürli çäreleri, şol sanda gezelençleri,
oýunlary, bäsleşikleri, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary, göçme
sergileri we beýlekileri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça
ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar toplumynyň hem gowy taýýarlyk
görmelidigini, halkara foruma, onuň bilen bagly ugurdaşlykda guraljak çärelere
ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň çekilmelidigini belläp, wise-premýere bu
babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk
zolagyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda alnyp
barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji
ýylda ýurdumyzda möhüm iri halkara çäreler geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly
hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly,
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen
Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça
üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul
edildi. Bu resminamada Baş Assambleýa Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen
Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyny ýurdumyzda geçirmek baradaky hoşniýetli teklibini beýan
etdi. Maslahaty Awazada has ýokary derejede, şol sanda döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň derejesinde “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe
ýardam bermek” atly mowzuk boýunça geçirmek karar edilýär.
Türkmenistanyň
BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly
çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Foruma hem-de onuň dowamynda
geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada
döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe
halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik
birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna
garaşylýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň
geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň
Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her
bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini,
sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar.
Häzirki
wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu wekilçilikli halkara forumy
ýokary derejede, talabalaýyk geçirmek boýunça BMG-niň Sekretariaty bilen
bilelikde degişli taýýarlyk işlerini alyp barýar. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň
degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň
gatnaşmagynda BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen protokol üpjünçiligi,
ulag-aragatnaşyk, wiza meseleleri ýaly ugurlar boýunça yzygiderli esasda iş
duşuşyklary we gepleşikleri guralýar.
Şeýle hem
maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ýurdumyzyň aragatnaşyk toplumy
tarapyndan görülýän çäreler barada aýdyldy. Halkara maslahatyň resmi internet
saýty synag maksatly işe girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň maslahaty
geçirmek boýunça jogapkär düzüm birligi bilen geçirilen iş duşuşyklarynyň
netijesinde bildirilýän talaplara laýyklykda, «Awaza» sport toplumynyň
binalarynyň şekil taslamalarynyň täzelenen görnüşleri taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler
ministrine halkara maslahatyň maksatnamasyny amala aşyrmak üçin ähli zerur
işleri ýerine ýetirmegiň, forumyň we onuň çäklerinde guraljak halkara çäreleriň
protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň, çäräniň geçýän günlerinde
ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak bilen bagly protokol işlerini alyp barmagyň
möhümdigini aýtdy hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi
üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew toplum tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, halkara çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa
gatnawlary, demir ýol ulaglary bilen getirmek, alyp gitmek bilen bagly
meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, forumyň
geçiriljek döwründe şäheriçi ugurlar boýunça jemgyýetçilik awtobuslarynyň,
ýeňil taksi awtoulaglarynyň gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy göz öňünde
tutulýar. Myhmanlary ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlary bilen üpjün
etmek işleri meýilnamalaýyn esasda dowam edýär.
Şeýle hem
hasabatda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän
işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, agentlige degişli myhmanhanalarda dynç
alýanlary kabul etmek we olara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça degişli
çäreler görülýär. Möwsümde ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden
başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy
gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy,
Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça
yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara
howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa
gatnawlaryny ýola goýmak, gatnawlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, maslahata gatnaşyjylaryň maksatnama boýunça çärelere
gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, olary ýurdumyza ýörite howa gatnawlary bilen
getirmek, garşy almak we ugratmak, zerur ulag serişdeleri bilen üpjün etmek
meselesine gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we kommunikasiýalar toplumyna degişli
myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi,
onuň geçýän döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý
edilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk hem-de
welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň
awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny
guramaçylykly geçirmek babatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tomus
möwsüminde Awazada ilatyň oňaýly dynç alşyny guramak maksady bilen,
myhmanhanalarda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, kottejler
toplumlarynda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň häkimine maslahata ýokary
derejede taýýarlyk görmegi, welaýatda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş
dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýtdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgustynda geçiriljek Birleşen Milletler
Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri
boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen
Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli foruma gowy
taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov