Şu gün türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de
gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Häzirki
döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli
özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala
aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän
nesil baradaky alada Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň özenini
düzýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar
toplumynyň gurluşygynyň batly depginde dowam edýän ýerine geldi. Häzirki wagtda
gurluşyk işleri bellenilen tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.
Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabatda alnyp
barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň
gurluşygy, onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp
barylýar. Şunda gurluşyklaryň we ulanylýan serişdeleriň ýokary hil derejesinde
bolmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet
berilýär.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow binalar toplumynyň bezeg
aýratynlyklaryna, okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary
bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi
utgaşdyrylmalydyr.
Institutyň
binalar toplumynyň, onuň mejlisler otaglarynyň, toplumyň ugurdaş desgalarynyň
bezeg aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyşy, okuw otaglarynda, beýleki
bölümlerde hemmetaraplaýyn bilim almak we degişli tejribeleri geçirmek üçin
döredilýän mümkinçilikler şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Gahryman
Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, toplumyň çäginde bina edilýän umumy ýaşaýyş
jaýlarynda ähli zerur mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şol
bir wagtyň özünde institutda işleýän mugallymlar üçin gurulýan ýaşaýyş
jaýlarynyň enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki döwrüň ruhy
bilen sazlaşmalydyr.
Milli Liderimiz
bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigini, institutyň binalar
toplumynyň, şol sanda naharhananyň, kitaphananyň üpjünçiligine zerur üns
bermelidigini aýtdy. Ähli otaglaryň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň
degişli mebeller bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Munuň özi talyplaryň bilimleri çuňňur özleşdirmeklerine, mugallymlaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Bellenilişi
ýaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň
talabalaýyk derejede gurulmagy, okuw otaglarynyň, barlaghanalaryň döwrebap
ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de
dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň
peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda gurluşygy meýilleşdirilen “Güneşli”
çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen hem
tanyşdy. Şunda çagalar üçin sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri
geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek
üçin niýetlenen meýdança, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy.
Hormatly
Arkadagymyz merkeziň çagalardyr ýetginjekleriň köptaraply ylymly-bilimli
bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähmiýetlidigini belläp,
meýilleşdirilen ähli işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Bu
merkezde ýaş nesilleriň merdana halkymyzyň aň-bilim kuwwatyna, jemgyýetimiziň
medeni-ruhy ösüşine, Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda
edilýän tagallalara göz ýetirmeklerine gönükdirilen işler amala aşyrylmalydyr.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow taslamalar baradaky hasabatyň
çäklerinde paýtagtymyzda hereket edýän Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar
kitaphanasynyň binasynyň könelip, onuň ulanyş möhletiniň geçendigini nazara
alyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu kitaphananyň täze
binasyny gurmak boýunça şekil taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we olary
Milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Gahryman
Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar
kitaphanasynyň täze binasynyň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň
çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Merkezde çagalaryň
ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe ugurlar
boýunça gurnaklaryň hereket etjekdigini nazara alyp, sanly tehnologiýalaryň we
täzeçil usullaryň netijeli ulanylýan döwründe bu ýerde çagalar kitaphanasynyň
gurulmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belläp, Milli Liderimiz ugurdaş düzümleriň
wekilleri bilen bilelikde onuň amala aşyrylmagyna girişilmelidigine ünsi çekdi.
Ýeri gelende
aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň
merkezlerinde enjamlaşdyrylyşy we binagärlik çözgüdi babatda häzirki zaman
talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap kitaphanalar guruldy. Olaryň çäginde
ýyldyzlary, asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen
obserwatoriýalaryň bolmagy kitaphanalaryň ähmiýetli bilim ojagy hökmündäki
derejesini has-da artdyrýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilmegi
meýilleşdirilýän çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde kitaphanany gurmak
baradaky çözgüt hem Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede
ösdürilýändiginiň beýanydyr.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk
binasynyň çäginde alnyp barylýan abatlaýyş işlerine degişli taslamalar bilen
hem tanyşdy. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer
ýörelgelerini, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan Bitaraplyk
binasy halkymyzyň milli buýsanjydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan
halkara giňişlikde parahatçylygyň, ylalaşdyryjylygyň mekany hökmünde tanalýar.
Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan daşary syýasatynyň hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň
netijesidir.
Nygtalyşy
ýaly, Bitaraplyk binasynyň çäginde iki sany muzeý hereket eder. Milli Liderimiz
muzeýleriň birinjisinde “Baky ýoluň”, ikinjisinde bolsa “Bitaraplygy” diýen
ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň çuňňur mana eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Olarda
türkmen Bitaraplygynyň taryhy ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň
başlangyçlary esasynda kabul eden Kararnamalarynyň many-mazmuny öz beýanyny
tapmalydyr. Bitaraplyk binasynyň muzeýlerindäki gymmatlyklar ösüp gelýän ýaş
nesilleriň Watanymyzyň taryhy ösüşine, dürli döwürlerde gazanan üstünliklerine,
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan buýsanjyny has-da artdyrar.
Wise-premýer
B.Annamämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň batly depginde
dowam edýändigi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Stomatologiýa
merkezi hem gurulýar. Merkeziň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň ýanaşyk
ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň
gözel künjekleriniň birinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň gurluşygynyň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde 160 orunlyk Halkara
pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Paýtagtymyzyň çäklerinde
gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş
jaýlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Şunda Aşgabat şäheriniň iri
ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp
barylýar.
Şeýle hem
häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede
enjamlaşdyrylýan orta mekdepleriň gurluşyklaryna wajyp orun degişlidir. Häzirki
wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň köpçülikleýin gurulmagy bu ugurda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň
oňyn netije berýändiginiň mysalydyr. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň
ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini
bellemek gerek. Şunda köpugurly aýlawly ýollaryň, köprüleriň gurluşyklaryna
aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňky
ýyllarda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda tagalla edýän medeniýet
we sungat işgärleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Aşgabadyň gözel künjeginde
4 müň orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygy hem bu ugurda alnyp barylýan
işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle hem hasabatda
paýtagtymyzyň etegindäki ýaşaýyş toplumynyň çäginde häzirki zaman ülňülerine
laýyk derejede enjamlaşdyrylan saglyk öýüniň gurluşygynyň batly depginde dowam
edýändigi aýdyldy.
Gahryman
Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde
we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda
anyk görkezmeleri hem-de degişli maslahatlaryny berdi.
Milli
Liderimiz kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede amala aşyrylmagynda
hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň
Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.
Häzirki
döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan
abatlaýyş we rejeleýiş işleri batly depginde dowam edýär. Bu ýerde Gahryman
Arkadagymyza toplumyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli binalaryň,
oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri, ýapyk manežiň şekilleri
görkezildi. Bellenilişi ýaly, bezeg işleri we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary
bilen içgin tanşyp, ýerine ýetirilýän işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün
edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Bu ýerde amala
aşyrylmaly işler Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret
A.Ş.” kompaniýasyna ynanyldy.
“Gap Inşaat”
kompaniýasynyň wekili Rejep Akçy bu ýerde alnyp barylýan işler, ozal berlen
tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ahalteke bedewlerine
aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz degişli işleriň toplumyň ähmiýetine
laýyk derejede amala aşyrylmalydygyny belledi. Paýhasly pederlerimiziň dünýä
beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyzdyr. Milli
Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, atlaryň çapuw ýodasyna Garagum
sährasynyň ylmy esasda kesgitlenen künjekleriniň çägesiniň düşelmeginiň
ähmiýetli hasaplanýandygyny belledi. Ähli gurluşyk işlerine, ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylyşyna, toplumyň enjamlaşdyrylyşyna, çapuw ýodalarynyň kada laýyk
bolmagyna jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidir.
Häzirki
döwürde ýurdumyz tutuşlygyna ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, şol sanda
paýtagtymyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlaryna degişli
desgalaryň köp sanlysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyklaryň
aglaba köpüsiniň durmuş ulgamyna degişlidigini görkezýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik
arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
tdh.gov