Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň
başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Endo
Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen
tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol
Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup
geçirmeginiň guwandyryjy wakadygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, parlamentara
dostluk toparynyň başlygyna Milli Liderimiziň salamyny ýetirdi we ony “EKSPO —
2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlap, serginiň işiniň
üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa
bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda
iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz
bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy,
düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde
Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny
has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Endo Toşiakä minnetdarlyk
bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça
mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe
taýýardygyny aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli işleýändiklerini,
ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny, iri ýapon
kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda,
himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini we şeýle
hyzmatdaşlygyň häzir hem üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.
Endo
Toşiaki iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly
şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
tdh.gov