Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak
işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary,
kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça
zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek
möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg
etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde
ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň
zerurdygyny belledi we häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli,
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilip, ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady
bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny
möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümi
dowam edip, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň ekinlerden bol we ýokary hilli
hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp
barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki
tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda
gowaça ekişi dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri
geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýazlyk
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.
Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Welaýatda şaly ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda meýdanlarda
sürüm, tekizleýiş, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine ykjam
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy
möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler
geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen
meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Sebitde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
alnyp barlyp, pile kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle-de
häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň
ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk
görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda
degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla kabul
ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki
tehnikalary bugdaý oragy möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri,
hususan-da, hatarara bejergi, otag işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda ýüpekçilere degişli ýardamlar
berilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda
kadalaryň we düzgünleriň berk berjaý edilmeginiň, işleriň ýokary guramaçylyk
derejesinde ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň
möhüm şerti bolup durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine
taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz
wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny
tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri
geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk ekinleriň ekilen
meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda pile öndürmek
möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de
wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda,
öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak, dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek
boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla
oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov