Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen
bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde
gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça
zerur işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar,
gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri
geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli
peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Welaýatdaky galla
kabul ediş kärhanalary, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý
daşamakda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki
gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden
ugur alnyp, bu ekinleriň ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen
meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi
kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine
ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş
geçirilen ýerlerde, şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça
ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan
meýdanlarda bolsa ideg etmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly
dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne
ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş
kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we
bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri
geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli
ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam etdirilýär.
Häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba
hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk geçirilmeginiň
möhümdigini belledi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime
tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kabul edilen milli maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we
bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty
Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi
guramaçylykly dowam edýär. Ekiş möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin zerur
çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag, ýekelemek
işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk
tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek,
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we bökdençsiz kabul etmek
maksady bilen, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär.
Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek
boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi
kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli
geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk bolmagynyň
zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň
ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam
edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan
meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Bu ugurda
oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlygyň çäklerinde welaýatda
galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme taýýar edildi we däne ýygýan
kombaýnlary, bugdaýy daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki
tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir
hatarda, ýetişdirilen soganyň hasyly ýygnalyp alynýar. Pile öndürmek boýunça
bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň
pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri geçirilýär.
Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de
desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ekerançylyk meýdanlaryndaky
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidiginiň zerurdygyny belledi
we gowaça ekişiniň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň
ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri alnyp barylýar. Ekişde, ideg
işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylyp, doly
güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg we ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Galla
kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki
awtoulaglary, tehnikalary möwsüme taýýar etmek üçin degişli işler alnyp
barylýar. Şeýle-de ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.
Welaýatda pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada
hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we gowaça ekişini bellenen möhletlerde
tamamlamak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekişi alnyp barylýar.
Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa
hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär.
Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin
üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak
we bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin häzirki wagtda welaýatlarda pile
öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg
işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny
belledi we alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy. Şeýle-de ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe
görkezmeler berildi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň
dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilendigini aýtdy we bu baýramçylyk
mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin
minnetdarlyk bildirdi hem-de behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä
ýaýmakda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň baş
sanyny artdyrmaga, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga, atçylyk pudagyny
döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge döredýän ajaýyp şertleri üçin hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip,
döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov