Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gallaçy
daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, hatarara
bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
etdirilýär. Sebitde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen
meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, Balkanabat
Halkara howa menzilini açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň
ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan
saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi. Soňra ol welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan meýdanlara bolsa hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri dowam
edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň
ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Sebitde pile öndürmek
boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi
kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň
berk berjaý edilmeginiň, ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw
serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga ýardam edýändigini belledi we bu
ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi
tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi,
otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlara ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatda şaly ekişine girişilip, möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary
hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we
bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň
möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar.
Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy babadaýhanlar tarapyndan gögeriş suwuny
tutmak, endigan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri
alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam
edýär. Welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna
tabşyrmak işlerine girişildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk
geçirilmeginiň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň
möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda
bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi
hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekilen
meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek maksady
bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we
beýleki tehnikalary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Kadaly
gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek
işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile
öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pile
öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan
başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň
geljekde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup
durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly
taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş
suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek
işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada
öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýazlyk
ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri
ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň
çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny
ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy
gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk hem-de sürüm işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk
önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, pudagy toplumlaýyn
ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gögeriş alnan
gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek, otag etmek işleriniň
alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk
tehnikalaryny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini
üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni
almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk
ideg edilmeginiň, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň bellenen möhletlerde
geçirilmeginiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak
boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini
gazanmak, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň
öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň
bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov